Türkmen halkynyň döredijilik ukybynyň açylyşy türkmeniň geçen nesilleriniň maddy gymmatlyklarynda, binagärlik we şähergurluşyk tejribesinde hem aýdyň görünýär. Taryhyň dowamynda taplanan türkmeniň ýaşaýyş ýörelgeleri azat we erkin durmuşy gurmaga gerek bolan gymmatlyklary öz içine alýar. Şol sebäpli taryhyň ýeňil bolmadyk döwürlerinde hem adamlaryň hereketlerine, durmuş ýörelgelerine ynamlylyk we paýhaslylyk häsiýetli bolan. Şu hili häsiýet bolsa halkyň durmuş-ykdysady we ruhy tejribe esasynda toplan gymmatlyklaryny we ýörelgelerini aýawly gorandyklary netijesinde döreýär. Aýawlylyk we paýhaslylyk hem halkymyzyň kämil maddy we ruhy gymmatlyklary döretmegine getiren. Ahal-teke bedewi, türkmen halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy biziň halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň esasylHalkyň şu hili medeni mirasyny açyp görkezip, geljekki nesillere ýetirmek döwlet ähmiýetli iş bolýar. Häzirki döwürde milli taryhy-medeni mirasyň müňden gowragy döwlet tarapyndan hasaba alyndy. Ýurtda 8 sany taryhy-medeni döwlet goraghanalary bolup, olara: «Nusaý», «Köneürgenç», «Gadymy Merw», «Gadymy Dehistan», «Kerki», «Köne Sarahs», «Abywert», «Gökdepe galasy» goraghanalary degişlidir13.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy desgalaryň, şeýle-de taryhy ýadygärlikleriň 20-sini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler ýurtda bu meselä berilýän ünsüň ähmiýetini görkezýär. Häzirki döwürde iri taryhy-medeni goraghanalaryň üçüsi – Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň her biri özüniň ägirt uly medeni we ylmy gymmatlygy bilen bellidir.
Şonuň ýaly-da bu ýadygärlikler toplumlary türkmen halkynyň geçen nesilleriniň döredijilik ukybynyň ýokarylygynyň subutnamasydyr.Halkymyzyň dagynyk ýaşan ýyllarynda şeýle ukybyň döremegine päsgelçilikler az bolmady. Tire-taýpalaryň dowamly döwürde göçüp-gonup ýörmekleri, goňşy döwletleriň olaryň üstünden agalyk etmek meýilleri, şolaryň netijesinde adamlaryň esasy aladasy ýaşamak üçin iň gerekli zatlaryň gözlegi bilen çäklendi. Şu hili kyn şertlerde hem türkmen halky öz gymmatlyklaryny aýawly saklap, köp ugurlarda döredijilik ukybyny ýitirmän geldi. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş ukybynyň ýokarylygynyň görkezijisi bolýar. Garaşsyzlygymyzdan başlanan özgerişler halkyň içerki gurujylyk we döredijilik ukybynyň has giňden açylmagy esasynda mümkin bolýar.
Begençmyradow Kowusmyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU



