Gyzyl Iki Gatly Awtobus (Red Double-decker Bus) diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem, London şäheriniň we Britan medeniýetiniň iň tanalýan we söýülýän nyşanlarynyň biridir. Olaryň taryhy, 19-njy asyryň atly ulag döwründen häzirki zaman ekologik ulag sistemasyna çenli uzap gidýär.Iki gatly ulagyň ideýasy, awtobus döwründen has ir başlapdyr.1850-nji ýyllarda ilkinji gezek Londonyň köçelerinde iki gatly ulaglar peýda bolýar. Bu ulaglar atlar tarapyndan çekilýän atly omni-awtobuslar bolupdy. Üstki gatlagy ilkinji başda açyk bolup, ýolagçylar howanyň ýagdaýyna garamazdan, arzan ýa-da gysga ýolagçylyk üçin şol ýerde ýa-da arkan tarapdaky açyk meýdançada oturypdyrlar.

Awtobuslary gyzyl reňke boýamak pikiri 1907-nji ýylda London General Omnibus Company (LGOC) tarapyndan kabul edildi. Bu, olary beýleki awtobus kompaniýalarynyň ulaglaryndan tapawutlandyrmak we kompaniýanyň tanymal brendini döretmek üçin amaly we täsirli bir çözgüt boldy.Gyzyl iki gatly awtobuslar Ikinji Jahan Urşy döwründe London Blitz mahalynda şäheriň durmuşyny dowam etdirmekde wajyp rol oýnapdyrlar.Awtobus taryhynyň iň aýdyň nyşany AEC Routemaster modeli boldy. 1956-njy ýylda tanyşdyrylan bu model, Londonyň köçeleriniň nusgawy keşbini emele getirdi.

Routemaster-iň iň aýratyn aýratynlygy, onuň yz tarapyndaky açyk platformaly girelgesi bolupdy. Bu, ýolagçylara awtobus hereket edip durka-da münüp-düşmäge mümkinçilik beripdir bu häzirki wagtda howpsuzlyk sebäpli gadagandyr.Her bir Routemaster-de sürüji bilen birlikde konduktor (bilet satýan adam) hem işläp, yzyndaky açyk girelgäni gözegçilikde saklapdy.Routemaster modeliniň iň soňky asyl nusgasy 2005-nji ýylda işden aýryldy, sebäbi olaryň tehniki talaplary we ulag serişdesi standartlary bilen kynçylyk döredýärdi.

​ Häzirki wagtda Londonyň köçelerinde has döwrebap, ýapyk we adaty girelgeli iki gatly awtobuslar hereket edýär. Olar has ekologiki, elýeterli (ýöremäge kynçylyk çekýän adamlar üçin rampalar bilen) we howpsuzdyr.2012-nji ýylda London ýaňadan taryhy Routemaster-den ylham alnan täze modeli ulanyşa girizdi. Bu modelde üç sany gapy we iki sany basgançak bolup, olar hem käbir ugurlarda konduktorlar bilen üpjün edilýär. Bu, taryhy däbi täze tehnologiýa bilen birleşdirmek synanyşygydy.Gyzyl Iki Gatly Awtobuslar diňe bir transport däl, eýsem, global derejede tanalýan turistik nyşandyr.

​Awtobuslar Teýms derýasynyň, Big Beniň we London Galasynyň fonunda iň meşhur fotosurat nokatlarynyň biridir.Olar Londonyň soňky 150 ýyldaky taryhyndan we inženerçilik ösüşinden gürrüň berýän janly şaýatlardyr.Gyzyl Iki Gatly Awtobus — netijeliligiň, taryhy däbiň we London ruhunyň özboluşly birleşmesidir.

Garagoçew Serdar

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby