​Russiýanyň Döwlet Kitaphanasy (RSL), resmi däl ady bilen Leninka (ozalky W.I. Lenin adyndaky Kitaphana) dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň üçlügine girýän we Russiýanyň iň uly ylmy-barlag merkezidir. Ol diňe bir rus dilindäki eserleri däl, eýsem dünýäniň ähli dillerinde neşir edilen materiallaryň ägirt uly kolleksiýasyny özünde jemleýär.

Kitaphana 1862-nji ýylda Moskwanyň Jemgyýetçilik Kitaphanasy we Rumýansew Muzeýi hökmünde döredilýär. Asyl kolleksiýa, graf Nikolaý Rumýansewiň Peterburgdan Moskwa geçirilen hususy kitaphanasyndan we kolleksiýasyndan emele gelipdir.1917-nji ýyldaky rewolýusiýadan soň, kitaphananyň ähmiýeti has artdy we ol “Russiýanyň Döwlet Jemgyýetçilik Kitaphanasy” diýlip atlandyryldy.1925-nji ýylda kitaphana SSSR-iň W.I. Lenin adyndaky Döwlet Kitaphanasy adyny aldy we Sowet Soýuzynyň esasy kitaphanasyna öwrüldi. Bu at 1992-nji ýyla çenli ulanyldy.1992-nji ýyldan bäri “Russiýanyň Döwlet Kitaphanasy” ady bilen hereket edýär.

Kitaphana Moskwanyň merkezinde, Kremliň golaýynda ýerleşýän birnäçe binalardan ybaratdyr.Esasy okalga zallaryny we administratiw bölümleri öz içine alýan iň uly bölek, 1930-njy we 1940-njy ýyllarda gurlan monumentl we sowet klassisizm stilindäki binadyr. RSL-iň iň täsirli ýeri onuň 19 gatly, ýerasty kitap saklanyş deposydyr. Bu depo materiallaryň köp bölegini saklaýar we olary goramak üçin ýörite temperatura we çyglylyk rejimleri göz öňünde tutulandyr.RSL dünýäniň iň baý kolleksiýalarynyň birine eýedir, ol 47 milliondan gowrak zady (kitaplar, gazetler, kartalar, notalar, ses ýazgylary, we beýlekiler) öz içine alýar.

​Russiýada neşir edilen her bir neşiriň hökmany nusgasyny kabul etmek hukugy sebäpli, kitaphana rus dilindäki ähli eserleriň iň doly ýygyndysyny saklaýar.Kitaphanadaky eserler dünýäniň 247 dilinde ýazylandyr. Slawýan dillerindäki eserler (Rus, Ukrain, Belarus, Polýak we ş.m.) aýratyn uly orun tutýar. VI asyra degişli gadymy grek we slawýan golýazmalarynyň, şeýle-de rus akyldarlarynyň we syýasatçylarynyň şahsy arhiwleriniň gymmatly kolleksiýasy.RSL dünýäniň iň uly aýdym-saz (nota) kolleksiýalarynyň birine eýedir, ol rus we halkara kompozitorlarynyň eserlerini öz içine alýar.400,000-den gowrak kartany we atlasy öz içine alýan giňişleýin kartografiki kolleksiýasy hem bar.RSL diňe bir miras saklaýjy däl, eýsem uly ylmy we bilim merkezidir.

​Kitaphana köp sanly ýöriteleşdirilen okalga zallaryna eýedir (golýazmalar, gazetler, aýdym-saz, dissertasiýalar we ş.m.)Soňky ýyllarda taryhy gymmatlyklary we neşirleri sanly formata geçirmek işleri güýçlendirildi. Ýygyndylaryň bir bölegi internet arkaly elýeterlidir. RSL, dünýäniň beýleki uly kitaphanalary bilen ylmy we arhiw materiallaryny alyş-çalyş boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.Russiýanyň Döwlet Kitaphanasy, Russiýanyň ylmy we medeni durmuşynda merkezi orny eýeläp, taryhy kökleri we geljekki ylmy-barlaglar üçin ähmiýeti bilen bütin dünýäde ykrar edilýär.

Parahadow Kerim

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby