Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen eserleriñ milli şahsyýetlermize bagyşlanan bòlegi jemgyýetiñ watançylyk ruhyny götermäge ylham berỳàr.Heýkeltaraşlar Babasary Annamyradow,Gylyçmyrat Ýarmàmmedow,Saragt Babaýewiñ,Nurmuhammet Ataýewiñ,Agameret Garaýewiñ,Sylap Hudaýberdiýewiñ,Magtymguly Nuryýewiñ we ýenede birnäçe heýkeltaraşlaryñ,döredijilik işleri kesgitleýji àhmiýete eýe bolup,milli heýkeltaraşlyk mekdebiniñ döremeginde möhūm àhmiýet gazandy.
1994-nji ýylda heýkeltaraş Mommy Seýitmyradow tarapyndan, Baýramhanyñ monumental heýkeli ilkinji gezek Aşgabatda dikeldildi.
Heýkeltaraş Baýramhanyñ keşbini owadan sakgal murtly buýsançly we asylzada ýùzùni onuñ ajaýyp doly mertebeli syratyny ùns bilen synlanyñda onuñ joşgunly pähimiñ hakyky danalygyny mesemälim duýýarsyñ.Türkmenistanyñ Garaşsyzlyk ýyllarynda ýadygàrlikleriñ aglabasyny heýkeltaraşlar topary ýerine ýetirýär.Saragt Babaýew hem Babasary Annamyradow,Nurmuhammet Ataýew,Gylyçmyrat Ýarmàmmedow ýaly tanymal heýkeltaraşlar bilen bilelikde monumental ýadygàrlikleriñ ençemesini dóretýàrler.Meselem Garaşsyzlyk seýilgähi,Ylham seýilgàhiniñ heýkelleri,Oguzhan we onuñ ogulllary ýadygàrligi,Gypjak obasyndaky Hatyra ýadygärlik toplumy we şunça meñzeşler heýkeltaraşlaryñ we binagàrligiñ sinteziniñ òsendigni mesemàlim duýdurýar.
Kóşkleriñ,meýdançalaryñ seýilgàhleriñ,binagàrlik giñiṣligiñ çeper çözgütlerini heýkel ýadygàrlikleriñ keşbi bilen sazlaşykda getirilýàr.Heýkeltaraş M.Seýitmyradowyň döreden eseriniň ähli many-mazmuny gahrymanyň oý-pikire batan wagtynda, onuň içki kalbynyň owadanlygyny, hoşniýetliligini açyk görkezmäge gönükdirilipdir. Baýram hanyň keşbi mähirlilige we döredijilik ylhamyna ýugrulypdyr.Baýram hanyň keşbini owadan sakgal murtly, buýsançly we asylzada ýüzüni, onuň ajaýyp, doly mertebeli syratyny üns bilen synlanyňda onuň joşgunly pähiminiň hakyky danalygyny mese-mälim duýýarsyň.
Heýkeltaraşlyk sungatynyň tehniki serişdeleri bilen baglanyşykly aýratynlyklary bar. Ol bolsa şekillendiriş sungatynyň beýleki görnüşlerintapawutlanýar. Onda döredilen şahsyýetleriň keşbi müdimi ýadygärlik hökmünde jemlenýär. Nakgaşçylyk sungatynda bolsa, şahsyýetiň keşbi reňkler bilen janlanýar.Bu bolsa adamlarda has-da üýtgeşik täsir döredýär.
Kilwanowa Orazbagt
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












