Gül Tahýa – bu diňe bir başgap däl. Ol, türkmen gyzynyň çagalygyndan durmuşa çykýança başyny bezeýän, onuň arzuwlaryny, päkligini we maşgala mirasyny özünde jemleýän janly sungat eseridir. Tahýanyň üstündäki her bir tikin, her bir nagyş gyzyň geljegine ýazylan haýyr dogasy hasaplanýar.

Tahýa, adaty türkmen maşgalasynda gyzjagazyň ýaşlykdan başlap geýmäge başlaýan ilkinji we iň möhüm eşiklerinden biridir. Ol gyzyň başyny bezeýän bolsa-da, onuň has çuň manysy bar.Tahýanyň tegelek şekili we nagyşlary, yrymlara görä, gyzy gözden-dilden goraýan güýçli talisman (ýa-da dogalyk) hökmünde kabul edilýär.Tahýa gyz maşgalanyň arassa we päk göwnüni aňladýar. Ol, gyz durmuşa çykanda, tahýasyny ýaglyk bilen çalşyrýar, bu onuň durmuşda täze bir döwre gadam basandygyny görkezýän esasy geçiş däbidir.Tahýa tikmek we nagyşlamak ýaş gyzlara zehinliligi, sabyr-kanagaty we el işine bolan höwesi öwredýän ilkinji dersler bolup hyzmat edýär.

Hakyky Gül Tahýa diňe bir sungat däl, eýsem, uzak wagty talap edýän ussatlykdyr:

​Tahýanyň esasy, adatça kadife (mahmal) ýa-da ýüpek mata bilen örtülýär. Reňkler köplenç toý gunçajyk reňkleri (gyrmyzy, ýaşyl, gök) bolýar.Nagyşlar, ýalpyldawuk we reňkli ýüpek sapaklar bilen el bilen çykarylýar. Soňky döwürlerde ýaldyrak kümüş ýa-da altyn sapaklary ulanmak hem bolýandyr. Iň gymmatly tahýalar kümüş şaý-sepler (monjuklar, teňňejikler, kiçijik aý-gün şekiller) bilen bezelýär. Bu, diňe bir bezeg däl, eýsem maşgalanyň baýlygyny we gyzyň durmuşyna bolan bereket arzuwyny hem görkezýär.

​Tahýanyň üstündäki nagyşlar teswirleri we ýönekeý suratlar däl. Olar gadymy türkmen dünýä garaýşynyň we arzuwlarynyň gizlin dilidir:Tahýany tikýän ene ýa-da uýa her bir nagşy salanda, oňa gyzyň bagtly geljegini, saglygyny we nesliniň köpelmegini arzuw edýär. Şonuň üçin her bir tahýa gaýtalanmaýan we ýörite manyny saklaýan şahsyýetdir.

​Gül Tahýa — bu türkmen zenanlarynyň el hünäriniň we yrym-däpleriniň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp galan gymmatly mirasydyr.

Meredowa Gülşat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby