Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi Aşgabatda ýerleşýän häzirki zaman (modern) we özüne çekiji (striking) dizaýny bilen tapawutlanýar. Söwda merkeziniň giň we rahat hereket etmäge mümkinçilik berýän uzyn eýwanlary bar. Bu alyş-çalyş tejribesini has ýakymly edýär. Içki bezegde hem häzirki zaman arhitektura çözgütleri ulanylypdyr.Alyş-çalyş bilen bir hatarda, dynç almak üçin niýetlenen rahat oturgyçlar we ýerler bar.Içerde köp gatly (4 gatly) dükanyň özünden başga-da, restoranlar, kafeler, kinoteatr, çagalar üçin oýun meýdançalary we buzly meýdança ýaly dürli dynç alyş we hyzmat nokatlarynyň ýerleşmegi, onuň bezegini we atmosferasyny has hem baýlaşdyrýar. «Berkarar» merkezi alyş-walyş we dynç alyş üçin amatly, ýakymly we döwrebap atmosfera döretmek maksady bilen bezelipdir.Türkmenistanyň binagärliginiň dizaýn sintezine, ýagny, arhitektura bilen haşamlylygyň ajaýyp sazlaşygyna mysal edip paýtagtymyzyň günorta böleginde, 2014-nji ýylda 10 ýyl Abadançylyk we Atatürk köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezini görkezmek bolar.

Ol ak mermerli Aşgabadyň okgunly täzelenýän binagärlik toplumybilen bitewi sazlaşygy döredip, täze taryhy eýýamyň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna ýurdumyzda döredilýän söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň häzirki zaman düzüminde binagärligiň dizaýn çözgüdi aýratyn ähmiýetlidir.

Bu 12 gatly işewürlik merkezi dört gatly söwda-dynç alyş merkezi bilen bir  bitewi binany emele getiripdir. Binanyň ýanynda 1300 ulaga niýetlenen üsti telärli duralga we alyjylara harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän köp sanly dükanlar, amatly restoranlar hem-de kafeleryň dizaýn çözgüdi amatly edilip ýerleşdirilen. Boş wagtyňy göwnejaý geçirmek üçin niýetlenen düzüm hem göz öňünde tutulyp, bu ýerde alyjylar üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. Satyn alnan harytlar üçin tölegler nagt we nagt däl görnüşde, plastiki bank kartlarynyň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň binagärliginde iri desga bolup göze görünýän “Berkararda” söwda dynç alyş merkezleriniň işini guramagyň iň öňdebaryjy dizaýn çözgütleri ulanylýar.

Toplumyň içki bezeginde öz beýanyny tapan täsin dizaýnerçilik pikirler hem gyzyklanma döredýär. Täsin heýkel kompozisiýalary onuň merkezi eýwanynyň bezegi bolup durýar. Bu bezegde dürli çeperçilik we binagärlik usullary, gadymy türkmen medeniýetiniň ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Şamyradowa Çeper

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby