Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy — bu Türkmenistanyň Arkadag şäherinde ýerleşýän, ýurduň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň we atçylyk pudagynyň ösüşi üçin döredilen täze we döwrebap ýokary okuw mekdebidir. Mälim bolşy ýaly, bu akademiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen döredilip, meşhur halypa seýis Aba Annaýewiň adyny göterýär.Türkmen halkynyň milli gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, atly sporty ylmy esasda ösdürmek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak.
Akademiýa hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça talyplary kabul edýär. Esasy okuw ugurlary atçylyk pudagynyň dürli taraplaryny öz içine alýar.Akademiýanyň binasynda Sport toplumy, Ýapyk manež we Athana, Kitaphana we Muzeý ýaly ýöriteleşdirilen desgalar hereket edýär.Okuw prosesine sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylan, elektron kitaphanalar we sanly bilim portaly arkaly talyplara iň täze maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik döredilen.Akademiýa Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň (EEA) we Aziýa atly sport federasiýasynyň (AEF) Halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Bu, onuň sebitde atçylyk hünärmenlerini taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýasy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.
Akademiýa, şeýle hem, daşky gurşawy goramak we ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribesi üçin “UI GreenMetric” dünýä uniwersitetleriniň reýtingine girmegi başardy.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy türkmen atçylyk sungatynyň taryhy gymmatlygyny, ylmyň we bilimiň iň soňky gazananlary bilen birleşdirip, geljekki hünärmenleri taýarlamakda uly ähmiýete eýe bolan bilim ojakdyr.
Türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny äleme ýaýmakda öz goşandyny goşjak Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy özüniň binagärlik gurluşy boýunça tapawutlanýar. Ýokary okuw mekdebiniň daşky bezeg aýratynlyklary, onuň ýazgylary nalyň içinde ýerleşdirilip, üns çekiji we täsindir. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde bolsa özboluşly many bar. Türkmen halky naly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde görýär. Pederlerimiziň irginsiz zähmetinden kemal tapan behişdi bedewler özüniň owadanlygy, çeýeligi we ýyndamlygy bilen rowaýata, halkymyzyň milli gymmatlygna we buýsanjyna öwrüldi. Şular barada aýtmak bilen, akademiýanyň gurluşgynda milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylýandygyna aýratyn üns çekilýär. Şeýle hem binanyň bezeginde türkmen halky üçin milli gymmatlyk hasaplanýan atyň nalynyň, üzärligiň, dagdan agajynyň ulanylmagy halkymyzyň döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändigini görkezer.
Welmämmedowa Akgözel
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby

RU












