At şaýlary sarpasy belent bolan ahalteke atlarynyň toý-dabaralardaky aýrylmaz bezegidir. Ata dakylýan boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan – bularyň hemmesi diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem al-arwahdan, gözden-dilden goraýjy hökmünde hem hyzmat edýär. Türkmen milli şaý-seplerinde özleriniň köpdürlüligi, gelşikliligi we nepisligi bilen tapawutlanýan türkmen bedewleriniň şaýlary hem özboluşlydyr. Zergärçilik işleri ýöne bir gözellik taýdan kanagatlandyrylman,eýsem olar möhüm dini däp-dessur aýratynlyklary hem amal edýärler. Zergärçilik işinde ulanylýan metallar bolan kümüş we altyn gadymy döwürde gudratly düzümler saýylypdyr. Şaý-sepleriň ata dakylýan görnüşleriniň aglaba bölegi Güne meňzeş tegelek şekildedir. Bu şaý-sepler atlary ýeldirgemekden,arwah-jynlardan goramak, zäherlenmegiň öňüni almak hem göz degmezlik üçin ulanylypdyr. Gudratly düzümler zergärçilik senedinde iň bir eý görülýän gymmatbahaly daşlar bilen bilelikde işlenilipdir.
Türkmenler has irki döwürlerden bäri söweşlerde atlary, düýeleri, pilleri ulanypdyrlar, ýöne türkmenleriň harby güýçleriniň esasy kuwwaty atly goşunlar bolupdyr. Türkmenlerde söweşlere gatnaşýan bedewler jeň atlary ýa-da söweş atlary diýlip atlandyrylypdyr. Söweş atlary uruş dowam edýän wagtynda eýeleriniň sesine we jylawyň hem üzeňňileriň dartylyşyna görä hereket edipdirler. Söweş wagtynda goranmak üçin jeň atlaryna goraýjy esbaplar geýdiripdirler. Bu goraýjy esbaplara «atyň eşigi» ýa-da «atyň zyrhy» diýipdirler. Atyň zyrhy maňlaýlykdan,boýunlykdan we sagrylykdan ybarat bolupdyr. Beýleki önümler ýaly ata dakylýan şaý-seplerde hem ergonomiki pikirler öňe sürülýär.Atlara dakylýan şaý-sepleriň esasy görnüşleriniň biri bolan gursak şaýlary göwüsbendiň guşagynyň tutuş ýüzüne balyk teňňesi görnüşindäki göwrümli şaýlar bilen ýapylýar.
Göwüsbendiň ýerligi esgerleriň eşigi – sowudyň güberçek tekizligini we galkanyny hem ýatladýar. Atyň edil döşünde durýan göwüsbendiň guşagynyň merkezinde gümmezi ýatladýan tegelek nyşan ýerleşdirilip, onuň ýüzi, köplenç, güberçek nagyşlar bilen bezelýär. Göwüsbendiň iki gapdalyna, gaýyş kemerlere altyn çaýylan ýüpekden işilen seçekleri we gotazlary berkidipdirler. At şaýlarynyň köp bölegi söweşijileriň ýaraglary hökmünde berilýär, göwüsbent bolsa arassa bezeg bolup öňe çykýar. Göwüsbendiň daş gaşlary, nyşana degişli şelpeleri bolsa egri gylyjyň şekilinde ýasalýar. Türkmenleriň gadymy däp-dessuryna görä, egri şelpeler gylyç däl-de, ýekegapanyň dişlerini aňladýar. Gadymy Parfiýa döwletinde ýekegapan haýwanyny hudaýlara gurbanlyk hökmünde beripdirler. Atyň kümüş esbaplary atlaryň mertligini, çydamlylygyny nygtaýan alamatlar hökmünde hyzmat edýärler. Şu nukdaýnazardan ugur alanymyzda, at şaý-sepleriniň görnüşleri hem edil adam bedenine bagyşlanylyşy ýaly pikirleri özünde jemleýär, ýagny bu önümleriň köpüsi söweş, bezeg we bedeniň goragy üçin niýetlenilişi, ýene-de bir bölegi türkmen halkynyň atyny gözden-dilden we beýleki dürli belalardan goramak maksadyna esaslanyp dakylandygyna göz ýetirmek bolýar.
Oraýewa Oguljemal
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby

RU












