Kolmar (Colmar) Fransiýanyň gündogaryndaky, Germaniýanyň serhedine golaý ýerleşýän Elzas (Alsace) welaýatynyň iň täsin şäherçelerinden biridir. Ol özüniň ajaýyp gurluşy, reňkli taryhy öýleri we kanallary bilen meşhur bolup, hakyky “ertekilerdäki ýaly şäherçe” hökmünde tanalýar.Kolmaryň medeniýetinde we binagärliginde iki ýurduň – Fransiýanyň we Germaniýanyň täsiri güýçlüdir. Bu sebit taryhda iki döwletiň arasynda ençeme gezek elden-ele geçipdir.Şäherçäniň dilleri, aşhanasy we gurluşy Elzas regionyna mahsus bolan iki medeniýetiň utgaşmasyny görkezýär. Nemes stiline mahsus bolan ýarym agaçdan gurlan öýler we fransuz çeperçiligi birleşip, täsin bir gözellik döredýär.
Kolmar, “Elzasyň Wino Paýtagty” diýlip atlandyrylýar. Şäheriň daş-töweregi üzüm baglary bilen gurşalandyr we bu ýerde dünýäde meşhur bolan Elzas wino (şerap) görnüşleri öndürilýär.Kolmaryň iň özüne çekiji aýratynlygy, onuň gowy saklanan orta asyr stildäki we Galkynyş (Renaissance) döwrüniň binalarydyr.
Bu öýler gaty reňkli we ýarym agaçdan gurlan (agajyň karkasy daşyndan görünýän) bolup, olaryň her biri adaty stili saklaýar. Reňkler köplenç ulgamyň bir bölegi bolup, her bir maşgalanyň ýa-da hünär ussanyň (çörekçi, balykçy we ş.m.) nirede ýaşaýandygyny görkezipdir.
Lauch derýasy şäheriň içinden akýar we bu kanalyň iki gapdalyndaky reňkli jaýlar we gül-gülälek bilen bezelen köprüler şäherçä aýratyn romantik görnüş berýär. Şol sebäpli bu bölek “Kiçi Wenesiýa” diýlip atlandyrylýar. 16-njy asyrda gurlan, Germaniýa we Şweýsariýa Alp medeniýetiniň täsirini görkezýän, daşy suratlar bilen bezelen meşhur bina.
Kolmar gaty kiçi şäherçe bolsa-da, onda taryhy we medeni gyzyklanmalar örän köpdür.Bu ýerde XV asyra degişli iň gymmatly dini sungat eseri hasaplanýan Izenhaým Alary (Isenheim Altarpiece) saklanýar.Kiçi Wenesiýanyň ýanynda ýerleşýän bu kwartal, orta asyrlarda balykçylaryň ýaşan we işlän ýeridir. Dünýäde meşhur bolan Nýu-Ýorkdaky Azatlyk Aýalynyň heýkelini dizaýn eden Frederik August Bartoldi (Frédéric Auguste Bartholdi) Kolmarda doguldy. Şäheriň girerlginde heýkeliň kiçiräk nusgasy bar.Kolmar, ýylyň islendik paslynda-da özüne çekijidir, ýöne aýratyn hem Roždestwo (Christmas) baýramçylygynda, bazarlar we öýler baýramçylyk çyralary bilen bezelende hakyky jadyly atmosfýera döreýär.
Geldiýew Baýdurdy
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby

RU












