​Germaniýanyň Bawariýa sebitiniň Alp daglarynyň etegindäki belent gaýanyň üstünde buýsanç bilen ýerleşýän Neuschwanstein köşgi (Schloss Neuschwanstein), diňe bir dünýäniň iň meşhur köşgi däl, eýsem, bir korolyň çuňňur duýgularynyň we romantik hyýallarynyň maddileşen görnüşidir.

​Bu köşk, Disneýiň erteki filmlerine ylham berendigi sebäpli, köplenç “Uklaýan Gözeliň” köşgi hökmünde tanalýar.Köşgüň taryhy, onuň gurluşygyny buýran şahsyýet—Bawariýanyň Koroly Lüdowig II (König Ludwig II) bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol “Ertekiler Koroly” (Märchenkönig) ýa-da “Däli Korol Lüdowig” diýlip atlandyrylypdyr.

Lüdowig II, syýasy durmuşdan we real dünýäniň kynçylyklaryndan ýüz öwrüp, özüni fantastiki, orta asyr ruhuna dolanan hyýaly dünýä gurmaga bagyşlady.Köşk, Korolyň gowy görýän kompozitory, Rihard Wagnersiň operalaryndan ylham alypdyr. Köşgüň içindäki zallar we otaglar Wagnersiň gahrymanlarynyň, esasan hem Swanyň (Kugunyň) Rysary bilen baglanyşykly sahnalar bilen bezelipdir.Köşgüň ady (Neuschwanstein) “Täze Kuguň Daşy” diýmekligi aňladýar. Bu at, Lüdowig II-maşgalasynyň simwoly bolan kuga hormat goýýandygyny görkezýär.Köşgüň köp ýerinde, aýratyn hem binalaryň bezeginde we bezeg aýnalarynda kuguň şekilleri ulanylypdyr.Köşk 1869-njy ýylda gurlup başlansa-da, Korol Lüdowigiň 1886-njy ýylda syrly ýagdaýda aradan çykmagy sebäpli doly tamamlanmady. Gurluşygyň uly bölegi, aýratyn hem ýörite bezelen myhman otaglary, henizem ýok.

​Neuschwanstein köşgüniň dünýä meşhurlygy, köp babatda onuň Walt Disneýe eden täsiri bilen baglanyşyklydyr.

​Disneý, Germaniýada syýahat eden wagtynda bu köşgüň romantik görnüşine haýran galýar. Onuň keşbi Disneýiň 1959-njy ýyldaky “Uklaýan Gözeliň” (Sleeping Beauty) multfilmidäki meşhur köşgüň dizaýnynyň esasy ylham çeşmesi bolýar. Häzirki wagtda, bu köşk dünýäde ertekiniň we arzuwlaryň simwoly hasaplanýar.qKöşk, neo-Gotik stilinde bolup, täsin tehniki çözgütler bilen gurlupdyr, olar öz döwründen öňe saýlanýardy.Ol 19-njy asyryň ahyrynda gurlan bolsa-da, merkezi ýyladyş ulgamy, telefon liniýalary we awtomatik suw akymynyň üpjünçiligi ýaly innowasiýalar bilen enjamlaşdyrylypdyr.Lüdowig II bu köşgi öz şahsy gaçybatalgasy hökmünde gursa-da, ol ölmezinden ozal onda bary-ýogy 11 gije ýaşapdyr. Korolyň aradan çykmagyndan 7 hepdä gowrak wagt soň, köşk köpçülik üçin açylýar. Şeýlelikde, Lüdowigiň syýasy durmuşdan gizlemek isländigi, dünýäniň iň köp barylýan turistik ýerlerinden birine òwrùldi.

Guwançmyradow Resul

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby