Türkmenistanyň arhitekturasynda dizaýn çözgütleri bilen aýratyn tapawutlanýan ýene-de bir desga Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan “Aşgabat” binalar toplumydyr.“Beýik bina” kärhanasy tarapyndan gurlan Söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumy halkara derejedäki güwänamalara eýe boldy. Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşi tarapyndan bu topluma “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänama, Doklands (London) ylmy-barlag akademiýasynyň “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu merkeze Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärçilik instituty tarapyndan “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň berlendigini we onuň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigini “Aşgabat” täze söwda toplumynda söwda we dynç alyş merkeziniň işini we döwrebap dizaýnçylyk pikirlerini guramagyň iň öňdebaryjy çözgütleri öz beýanyny tapýar.
Merkeziň çäginde birnäçe ajaýyp suw çüwdürimleri bar, olaryň işlemegi üçin, häzirki zaman sanly tehnologiýalar we aýdym-saz ulanylýar.Onuň ýanynda birnäçe köp öýli ýaşaýyş jaýy ýerleşýär. Öýleriň gurluşygy we bezegi bolsa ýaşaýjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa ýaşamak üçin örän amatly we möhüm, sebäbi bu jaýlar köpçagaly maşgalalar üçin niýtlenendir.
Sekiz gektar meýdany bolan toplumyň çäginde logiki taýdan şertli ulag we pyýada ýollary, galdyrymly köpri, emeli kanal hem dynç alyş ýerleri bar. Toplumyň düzümine ýerasty awtoulag duralgasy, ýuwalgaly awtoulag hyzmat merkezi we kafe girýär. Onuň daş-töwereginde bag we seýilgäh zolagy döredilipdir. Altmyş bäş müň inedördül metrlik söwda merkeziniň meýdanynda dürli ugurly 240 dükan, uly bazar, bedenterbiýe we medeni-sagaldyş toplumy, kafe, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin ýumşak oýun modullary, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş hem oýun burçy arhitekturanyň iň ýokary ösüşinde biri-biri bilen sazlaşykly ýerleşdirilipdir.
Mundan başga-da bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, suw çüwdürimi, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredilip, gül ekilen
aýmançalar guruldy, oturgyçlar we çyralar bar.Girelgesi we çykalgasy bolan, estakada görnüşinde gurlan ýol türkmen paýtagtynyň täze gözelligine alyp barýar. Ol döwrebap we milli bezegleri ulanmak arkaly özboluşly binagärlik görnüşinde ýerine ýetirildi.Bu ägirt uly toplumyň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmeginiň özi hem onuň tehnologik derejesini görkezýär. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar. Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň aragatnaşyk boýunça geňeşçisi Sabrina Krýuger sanly ulgam arkaly, täze söwda-dynç alyş merkezine “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänamanyň gowşurylmagy we “Docklands” (London) ylmy-barlag akademiýasynyň direktory Paul Winsent häzirki zaman söwda-dynç alyş toplumynyň artykmaçlyklaryna ünsi çekip, bu desganyň binagärlik babatynda örän täsindigini hem-de şunuň ýaly köpugurly toplumlara bildirilýän ähli ölçeglere kybap gelýändigini aýtmagy örän bellärliklidir. Şulary hasaba almak bilen, paýtagtymyzda peýda bolan täze desga “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy.
Atajanowa Aýbölek
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 106-njy toparynyň talyby

RU












