Türkmenistan Hytaýda koronawirusyň ýaýramagy zerarly şu ýylyň 6-njy fewralyndan Bangkoga we 7-nji fewralyndan Pekine howa gatnawlaryny togtadýar. Bu barada Turkmenportal «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär. Bangkoga we Pekine uçuşlaryň haçan ýola goýuljakdygy heniz belli däl. Bu barada goşmaça habar berler. Penşenbe güni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň mejlisinde koronawirus ýokanjy jemgyýetçilik saglygy goraýşynda halkara ähmiýete eýe bolan adatdan daşary ýagdaý diýlip yglan edildi.
Şu güne çenli Türkmenistanda bu ýokanç bilen keselleme ýagdaýy hiç hili hasaba alynmady.