​Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasy, diňe bir kitap saklanýan ýer bolman, eýsem, ýurduň iň uly we iň möhüm aň-bilim we medeni maglumat merkezidir. Ol türkmen halkynyň taryhy ýatyny, medeni mirasyny we ylmy baýlygyny özünde jemleýän esasy edaradyr.Türkmenistanyň Döwlet Kitaphanasynyň taryhy 19-njy asyryň ahyryna (1895-nji ýyla) degişlidir. Ol ilki “Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy” ady bilen açylyp, bary-ýogy 3 müňe golaý kitap hazynasy bilen okyjylara hyzmat edip başlaýar. Bu waka, ony Türkmenistanyň çäginde döredilen ilkinji uly kitaphanalaryň biri edýär.

​Dürli taryhy döwürlerde, kitaphana ilki Türkmen oblastynyň jemagat kitaphanasy, soňra bolsa respublikanyň baş kitaphanasy hökmünde işini dowam etdirýär.Taryhy döwürde, 1921-nji ýylda onuň düzüminde Milli (soňra Gündogar) edebiýat bölüminiň döredilmegi, türkmen dilindäki kitap hazynasyny emele getirmegiň we ýerli halka kitap bilen hyzmat etmegiň esasyny goýýar.2007-nji ýyldan bäri bu uly kitaphana, Aşgabat şäherinde gurlan Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň ajaýyp, ak mermerli täze binasynyň düzüminde hereket edýär.

Döwlet Medeniýet Merkeziniň düzümindäki bu täze bina, kitaphana işini dünýä derejesinde guramak üçin ähli şertleri döredýär:Döwlet kitaphanasynyň okalga zallarynda ümsümlik we rahatlyk höküm sürýär. Kitaphanada ýerleşdirilen oňaýly mebeller, mylaýym ýagtylyk berýän çyralar okyjylaryň ygtyýarynda. Mundan başga-da, okalga zalynyň bir diwar tarapy tutuş aýna bilen gurşalmagy okyjylara diňe bir çyralaryň ýagtylygyndan peýdalanmak dal-de, eýsem tebigy ýagtylygyň düşmegi hem göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde sözüň doly manysynda okyjylaryň edebiýatlardan peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilendir Döwlet kitaphanasynyň binasynyň umumy meýdany 23023 inedörül metr bolup, gümmezleriniň beýikligi 44 metre deň. Kitaphana jemi 7 gatdan ybarat bolup, birbada 1100-e çenli okyjyny kabul etmäge niýetlenendir. Onuň birinji gatynda 260 orunlyk okalga zaly, ikinji gatynda 250 orunlyk okalga zaly, üçinji gatynda 240 orunlyk okalga zaly, dördünji gatynda – binanyň uly gümmeziniň aşagynda 192 orunlyk okalga zaly, 150 we 40 adamlyk mejlisler zallarynyň ikisi, internet zal, audio-wideoteka, kompýuter merkezi, ylmy işgärler üçin iş otaglary we 17 sany bölüm dizaýneriň oýlaptapyjylykly rahatlygy we çeper çözgüdi bilen tapawutlanýar.

Kitaphananyň Esasy WezipeleriDöwlet kitaphanasy, ýönekeý bir okalga ýerinden has giň wezipeleri ýerine ýetirýär.Türkmenistanyň çäginde çap edilen ähli neşirleriň hökmany nusgalaryny toplamak we aýawly saklamak arkaly milli neşir gaznasynyň emele gelmegini üpjün edýär.Ol Türkmenistanyň beýleki kitaphanalary üçin ylmy-usulyýet merkezi hökmünde çykyş edýär, ýagny kitaphana işini döwrebap guramak we tejribeleri ýaýratmak boýunça maslahatlar berýär.

​Döwlet Kitaphanasy, özüniň baý taryhy we döwrebap infrastrukturasynyň netijesinde, ýaşlaryň we alymlaryň bilim we ylmy ösüşine, şeýle hem türkmen medeniýetiniň we ruhy gymmatlyklarynyň ählumumy derejede ýaýradylmagyna uly goşant goşýar.

Kowusowa Merjen

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 106-njy toparynyň talyby