Gündelik gigiýena — diňe bir arassaçylyk däl, eýsem, saglygyňyzy we keýpiňizi goraýan esasy maýa goýumydyr.Gigiýena — bu keselleriň öňüni almaga we saglygy berkitmäge gönükdirilen ylymdyr. Aşakdaky düzgünler siziň her günüňizi has ynamly we sagdyn etmäge kömek eder:

Elleri sabynlap ýuwmak mehanizmi keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýan iň arzan we iň netijeli usuldyr. BSGG (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy) elli ýuwmagyň iň bolmanda 20 sekunt dowam etmegini maslahat berýär. Bu, çagalaryň aýdymyny aýtmagyň ortaça wagtyna gabat gelýär.

​Eger eliňizi sabynlap ýuwmak mümkinçiligi ýok bolsa, azyndan 60% spirt saklaýan el dezinfeksiýa serişdesini ulanyň. Ýöne sabyn we suw, dezinfeksiýa serişdesinden has netijeli hasaplanylýar, sebäbi olar diňe bir mikrob öldürmän, eýsem, kir we ýaglary hem aýyrýar.

​Telefon – Ikinji Elim Siziň telefonyňyz hajathanadan 10 esse köp mikrob saklap bilýär! Ony yzygiderli süpürmek, deriniň ýüzündäki we ellerdäki mikroblaryň sanyny azaltmaga kömek edýär.

​Dişleri ýuwmaklyk gigiýenanyň diňe bir bölegidir. Diliňizi hem ýuwmagy ýatdan çykarmaň. Dil ýüzündäki bakteriýalar agzyň ysyýamagynda esasy rol oýnaýar. Dili ýuwmak agzyň ysyny 70% azaldyp biler. Dişleriňizi nahardan dessine soň ýuwmak gowy däl. Turşulykly iýmit (mysal üçin, gazly içgiler ýa-da sitrus miweleri) ýa-da süýjülik iýeniňizden soň, dişleriň emaly ýumşaýar. Şonuň üçin, nahardan soň azyndan 30 minut garaşyp, soňra ýuwmaly.

Diş taÿagyňyzy her 3-4 aýdan bir täzelemeli. Onuň çogundan (şetinas) başga-da, ol mikroblary saklaýar. Şaýyňyzy hajathanadan uzakda we gapakly däl, açyk howada guratjak ýerde saklaň.

Her gün gyzgyn suwda uzak wagtlap duş kabul etmek, deriniň tebigy ýaglaryny aýryp, derini guradyp biler. Gysga we maýyl suwly duşlar has peýdalydyr.Duşdan soň deriniň çyglylygyny saklamak möhümdir. Krem ýa-da losýon ulanmak üçin iň gowy wagt, duşdan soňky 3 minutdyr, sebäbi şonda deri henizem çyg bolýar.

​Antiperspirant bolsa der çykýan kanallary wagtlaýyn ýapyp, derlemegiň öňüni alýar. Olary ulanmaly ýa-da ulanmaly däl, özüňiziň tebigy ýagdaýyňyza görä saýlamaly.

​Ýatylýan ýassygyň gapagy köp wagt çalşylmasa, onda ýygnanan deri bölejikleri, öli öýjükler we ýaglar ýüzüňizdäki (sypylgalaryň) esasy sebäbi bolup biler. Ýüzüňizi ýassykda süpüriji ýaly ulanylýandygyny ýatda saklaň.Ýatylýan otagy yzygiderli ýelejiredilmelidir. Arassa we maýyl howa iň gowy uky üçin möhüm gigiýenik şertdir.

​Gigiýena — saglykly we bagtly durmuşyň iň ilkinji ädimidir!

Baýramowa Mähriban

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby