Köne Sarahs Türkmenistanyň Sarahs etrabynyň çäginde, Tähran-Maşat ýolunyň golaýynda, Tejen derýasynyň kenarynda ýerleşýän gadymy we strategik taýdan wajyp taryhy ýadygärlikdir. Bu gala esasan Sarahs welaýatynyň merkezi we Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrundaky uly söwda şäheri bolup hyzmat edipdir.Köne Sarahsyň taryhy miladydan öňki III asyrdan başlap, ilkinji ýaşaýyş yzlarynyň Parfiýa döwrüne degişlidigi çaklanylýar. Şäher esasan VI-VII asyrlarda (Sasaniler döwri) we X-XII asyrlarda (Seljuklar döwri) iň gülläp ösen döwrüni başdan geçiripdir.

​ Sarahs Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky esasy söwda we harby çatryklaryň birinde ýerleşip, Horasanyň (häzirki Eýran we Türkmenistan) möhüm ykdysady we medeni gapysy bolupdyr. Arap basypalyşlaryndan soň, Sarahs Horasanyň iri yslam medeniýet merkezine öwrüldi. Bu ýerde köp meşhur alym, şahyr we taryhçy ýaşapdyr.

Köne Sarahs iki esasy bölekden ybarat bolupdyr, Gala (Arh) we onuň daşyndaky Şähristan (şäherçä).Sarahsyň merkezi bolan gala, ägirt uly beýiklikde we meýdanda bolup, daşy berk çig kerpiçden we pahsadan gurlan diwarlar bilen berkidilipdir. Bu diwarlar harby gorag funksiýasyny ýerine ýetiripdir. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde gala içinde we şäherçäde köşkleriň, harby kazarmalaryň, ybadathanalaryň, metjitleriň we senetçilik ussahanalarynyň galyndylary tapyldy.Seljuklar döwrüne degişli bolan binalarda bişen kerpiçden we gipsden ýasalan çylşyrymly geometrik we hatly nagyşlar ulanylyp, şol döwrüň Horasan binagärlik mekdebiniň ussatlygyny görkezýär.Sarahs galasy öz daşky böleklerinde birnäçe gymmatly taryhy ýadygärlikleri öz içine alýar.

​ Abul Fazl (Sarahs Baba) Kümmeti

​Bu, Sarahsyň golaýynda ýerleşýän iň meşhur binalaryň biridir. Ol XI asyrda ýaşap geçen meşhur sufi alym Şyh Abul Fazl-y Serahsynyň (Serahsy Baba) mazarydyr. Kümmet Seljuklar döwrüniň kämil gurluşyk we bezeg usullarynyň ajaýyp nusgasydyr.

​Ýarty Gùmmez

​Ýarty Gùmmez (ýa-da Ýartygümmez) şäheriň golaýynda ýerleşýän, Seljuk döwrüne degişli beýleki bir möhüm binagärlikdir. Onuň gümmeziniň bir bölegi wagtlaýynça ýykyldygy sebäpli halk arasynda bu at bilen tanalýar.

Sarahs 1221-nji ýylda Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan basylyp alnanda we doly weýran edilende uly heläkçilige uçrady. Şäher bu heläkçilikden soň kem-kemden dikeldilen hem bolsa, ozalky şöhratyny doly gazanyp bilmedi.

​Häzirki wagtda Köne Sarahs galasy Türkmenistanyň esasy taryhy-medeni goraghanalarynyň biri bolup, Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda dörän we ýitirim bolan şäher siwilizasiýalary hakynda gymmatly maglumat berýär.

Kadyrow Hanmämmet

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby