​”Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän, soňky onýyllyklarda gurlan ägirt uly desgalar toplumydyr. Awazanyň ak mermerli binalary we çylşyrymly arhitekturasy, bu zolagyň diňe bir dynç alyş zolagy däl, eýsem, ýurduň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady kuwwatynyň we dünýä açyklygynyň simwolydygyny görkezýär.Awazanyň gurluşygy, Türkmenistanyň binagärlikde ulanýan esasy ýörelgelerini özünde jemleýär.

​ Aşgabatda bolşy ýaly, Awazanyň esasy binalarynyň köpüsi hem ak reňkli mermer (ýa-da mermere meňzeş materiallar) bilen örtülendir. Ak reňk, Gündogar medeniýetinde arassalygy, päkizligi, asyllygy we parahatçylygy aňladýar. Hazar deňziniň gök suwy bilen ak binalaryň utgaşmasy bolsa haýran galdyryjy gözellik döredýär.Myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň dizaýnynda, deňiz tolkunlaryny, ýelkenleri ýa-da gämileri ýatladýan egri, ak sütünler we dekoratiw elementler giňden ulanylýar. Bu, zolagyň deňiz kenarynda ýerleşýänliginiň simwolik beýanydyr.Awaza gysga wagtda halkara derejeli syýahatçylyk we dynç alyş merkezine öwrüldi.

​Awazada birnäçe ýyldyzly myhmanhanalar (mysal üçin, “Ýelken”, “Serdar”, “Hazyna”) gurlup, olaryň her biri myhmanlara iň ýokary hilli hyzmatlary, döwrebap otaglary we deňiz görnüşli kaşaň balkonlary hödürleýär. Myhmanhanalardan başga-da, Awazada saglyk merkezleri, çagalar üçin dynç alyş merkezleri (ýaly “Dünýä ertekileri” ýaly) we suw-sport desgalary guruldy. Bu bolsa, zolagy maşgala dynç alşy üçin hem amatly edýär.Awazanyň iň täsin inženerçilik taslamalaryndan biri — bu ýerde döredilen emeli derýa bolup, ol kenar zolagynyň estetik gözelligini we dynç alyş mümkinçiliklerini artdyrýar.Awaza diňe bir dynç alyş üçin däl, eýsem, halkara işewürlik we medeni gatnaşyklar üçin hem möhüm merkez hökmünde döredildi.Awazanyň kongres merkezleri we myhmanhanalary yzygiderli halkara ykdysady forumlary, maslahatlary we döwletara duşuşyklary kabul edýär. Hazarýaka döwletleriň arasyndaky duşuşyklar üçin bu ýer esasy platforma bolup hyzmat edýär.Türkmenistan Awazanyň üsti bilen Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň ykdysady we syýahatçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi maksat edinýär.Awazanyň gurluşygynda ekologiki arassalyga we energiýa tygşytlylygyna uly üns berildi.

​ Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Awazada tebigy daşky gurşawy goramak esasy orun eýeleýär. Bu bolsa, dynç alýanlara ekologiki taýdan arassa we sagdyn gurşawda dynç almaga mümkinçilik berildi.Awaza taslamasy, Türkmenistanyň diňe bir şu günki däl, eýsem, uzak geljek üçin eden uly ykdysady we syýasy maýa goýumlarynyň aýdyň mysalydyr.Awazanyň ak binalary Hazar kenarynda dörän, döwrebap inženerçiligi, milli ruhy we deňiz gözelligini özünde jemleýän täze Gündogar ertekisidir. Bu zolak, Türkmenistanyň dünýä açyklygynyň, Bitaraplyk ýörelgesiniň we geljege bolan beýik ynamynyň aýdyň nyşany bolup, türkmen halkynyň arzuwlarynyň ak ýoly bilen öňe barýar.

Aşyrowa Nurana

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 109-njy toparynyň talyby