Siz haçan-da bolsa Ýewropanyň gadymy şäherleriniň suratlaryna seredeniňizde, asmana sary okdurylyp barýan uçly minaralary, ägirt uly reňkli aýnalary we daşdan ýonulan gorkunç, ýöne täsin heýkelleri (gargulýalary) görüpmidiňiz? Ine, bu — Gotika sungatydyr.XII asyrda Fransiýada döräp, tutuş Ýewropa ýaýran bu stil, diňe bir binagärlik bolman, eýsem ynsanyň Hudaýa we ýagtylyga bolan ymtylşynyň daşdaky beýanydyr.
Gotika Näme Üçin “Gotika” Diýilýär?
Bu örän gyzykly taryhy dùşùnje.Aslynda, bu sungat dörän döwründe oňa “Fransuz stili” diýilýärdi. “Gotika” ady köp wagtdan soň, Galkynyş döwrüniň (Renessans) sungat tankytçylary tarapy kemsidiji at hökmünde dakylýar.Italiýaly sungatçy Jorjo Wazari bu stili “wagşy” diýip atlandyryp, ony gadymy “Got” taýpalarynyň (Rim imperiýasyny weýran edenler) ady bilen baglanyşdyrypdyr. Olar bu stili gödek we tertipsiz hasaplapdyrlar. Emma wagt geçmegi bilen bu at sungatyň iň belent nusgalarynyň biri hökmünde kabul edildi.
Gotika ymaratlaryny beýleki stillerden tapawutlandyrýan we olara “ýeňillik” berýän üç sany inženerçilik täzeligi bardyr:
Uçly Arkalar (The Pointed Arch): Öňki (roman) stillerde arkalar tegelekdi. Gotikada bolsa olar uçlydyr. Bu agramyň diwarlara däl-de, sütunlara düşmegine we binalaryň has beýik gurulmagyna mümkinçilik berýärdi.
Daşarky Tiregler (Flying Buttresses): Binanyň daşyndan gurlan bu “ýarym arkalar” diwarlary saklaýardy. Netijede, galyň diwarlary gurmak zerurlygy aýrylyp, olaryň ýerine ägirt uly aýnalar goýuldy.
Witražlar (Reňkli Aýnalar): Gotika ybadathanalarynyň içi garaňky däldir, olar “Ruhy ýagtylyk” bilen doludyr. Gün şöhlesi reňkli aýnalardan geçip, binanyň içine täsin öwüşgin berýär. Bu aýnalarda köplenç Injilden hekaýalar suratlandyrylandyr (sebebi şol wagt halkyň köpüsi okap bilmeýärdi).
Gotika diýlende köpleriň göz öňüne Gargulýalar (Gargoyles) gelýär.Olar diňe bir bezeg däl. Gargulýalar aslynda suw akdyryjy turbalardyr. Ýagyş ýaganda, suw binanyň diwaryny zaýalamaz ýaly, bu heýkelleriň agzyndan daşaryk akdyrylypdyr Olar şeýle hem “erbet ruhlary” ybadathanadan uzakda saklamagyň simwoly hasaplanypdyr.
Eger siz Gotika sungatynyň hakyky güýjüni görmek isleseňiz, şu binalar iň aýdyň mysallardyr:
Notr-Dam de Pari (Fransiýa): Gotikanyň iň meşhur nusgasy. Wiktor Gýugonyň eserleri arkaly has hem meşhurlaşdy.
Milan Ybadathanasy (Italiýa): Ak mermerden gurlan, müňlerçe heýkel bilen bezelen ägirt uly bina.
Kölner Dom (Germaniýa): Beýikligi we şüweleňliligi bilen haýran galdyrýan, gurluşygy 600 ýyla çeken ybadathana.
Häzirki wagtda “Gotika” diýlende köplenç gara geýimli ýaşlar ýa-da gorkunç filmler göz öňüne gelýär. Bu “Neogotika” (Täze Gotika) hereketidir.XVIII-XIX asyrlarda döreyän Gotika romanlary (meselem, “Drakula” ýa-da “Frankenşteýn”) köplenç köne, terk edilen gotika galalarynda bolup geçýän wakalary suratlandyrýardy. Şeýlelikde, bu stil “syrlylyk we gorkunçlyk” bilen baglanyşdyrylyp başlandy.
Gotika sungaty – bu garaňkylyk däl, eýsem ýagtylyga bolan ymtylşdyr. Ol daşyň “näsaz” ýaly bolup görünýän, emma aslynda örän inçe hasaplamalar bilen gurlan “daşdan örülen koronasy”dyr. Bu binalar ynsanyň kiçijikdigini, emma ruhunyň beýikligini ýatlatmak üçin gurlupdyr.
Nurmyradowa Gunça
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby

RU












