Keramika — bu diňe bir palçykdan ýasalan gap-gaç ýa-da heýkeljik däl. Bu, tebigatyň dört sütüniniň: Topragyň, Suwuň, Howanyň we Oduň sazlaşykly birleşmesidir. Çeper keramika, adamzat taryhyndaky iň gadymy sungat görnüşleriniň biri bolup, ol biziň ata-babalarymyzyň durmuşyny, medeniýetini we dünýägaraýşyny şu günki güne çenli alyp gelen “palçyk kitaplardyr”.Keramikanyň taryhy müňýyllyklara uzap gidýär. Türkmen topragynda, hususan-da Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly taryhy ýerlerde tapylan keramika önümleri, ussalaryň diňe bir gündelik zerurlyk üçin däl, eýsem gözellik üçin hem döredendiklerini subut edýär.
Gadymy kûýzegärçiler keramika önümlerine syrça (glazur) çalyş usulyny oýlap tapyp, olary diňe bir berkidip goýman, eýsem “mawy”, “firuza” reňkleri bilen gündogar binagärligine öwüşgin beripdirler.Çeper keramika — bu sabyr-takadyň we ylhamyň mekdebidir. Bir önümiň döremegi üçin ussa ençeme tapgyrlardan geçmeli bolýar:
Hakyky kùÿzegàr topragyň dilini bilýär. Palçyk ilki arassalanýar, soňra bolsa edil hamyr ýaly ýugrulýar. Bu tapgyrda palçygyň içindäki howa düýbünden çykarylmalydyr, ýogsam bişirilende önüm ýarylyp biler.
Bu tapgyrda “küýzegär çarhynda” (krug) ýa-da el bilen palçyga jan berýär. Bu pursat — ussa bilen materiýanyň arasyndaky iň ýakyn gatnaşykdyr. Palçyk kùÿzeçiniñ elleriniň hereketine görä tans edýär. Ýasalan önüm howada guratylýar. Bu döwürde ol “ham” ýagdaýda bolup, gaty näzikdir.Önüm ýörite kürede (peçde) takmynan 900–1000°C derejede bişirilýär. Bu tapgyrda palçyk “daşa” öwrülýär. Iň gyzykly bölegi! Ussa önümiň ýüzüne milli nagyşlary, tebigat şekillerini ýa-da abstrakt oý-pikirlerini çyzýar. Soňra ol ýörite syrça bilen örtülýär.Önüm ýene-de oda girýär. Syrça eräp, aýna kibi ýalpyldaýan gatlaga öwrülýär we önümiň hakyky reňkleri ýüze çykýar.
Çeper keramikada “edebi” tarap — bu önümiň aýdýan hekaýasydyr. Her bir küýze, her bir tabak ýa-da diwar bezegi sessiz gürleýär.Türkmen keramikasyndaky “goçak”, “gülýaýdy” ýaly nagyşlar diňe bir bezeg däl, olar gorag, bereket we bagt simwollarydyr.Kagyz ýyrtylýar, demir poslaýar, emma bişirilen keramika müňlerçe ýyl saklanyp bilýär. Şonuň üçin keramikada işlemek — wagt bilen bäsleşmekdir.
Häzirki wagtda çeper keramika täzeden galkynyşy başdan geçirýär. Ol indi diňe muzeý eksponaty däl, eýsem häzirki zaman interýer dizaýnynyň, öý bezegleriniň aýrylmaz bölegidir.Her bir önüm gaýtalanmajakdyr. Küýzegäriň barmak yzlary her önümde galýar.Ol tebigy materiallardan (toprak we suw) ýasalýar.Eÿesiniñ mähri we odun güýji siňen önümler öýe ýylylyk berýär.
Edebi çeperçilik keramikasy — bu adamzadyň tebigat bilen sazlaşykda döreden iň ajaýyp sungatydyr. Ol bize sabyrly bolmagy, döredijiligi we gözelligi “görüp” bilmegi öwredýär. Eger siz bir gün palçygy elinize alyp görseňiz, onuň jadyly güýjüni hökman duýarsyňyz.
Rahymow Erkan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby

RU












