Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde, dag etekleriniň belentliginde ýerleşýän “Halk Hakydasy” ýadygärlikler toplumy, türkmen halkynyň taryhyndaky iň agyr we gahrymançylykly sahypalaryny janlandyrýar. Şol toplumyň iň täsirli bölekleriniň biri hem, şüweleňsiz asmana sary uzaýan we 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlara bagyşlanan “Baky ot” ýadygärligidir.

​2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylan “Halk Hakydasy” toplumy, öňki döwürlerde şäheriň dürli ýerlerinde ýerleşýän ýadygärlikleri bir ýere jemledi. “Baky ot” ýadygärligi, türkmen halkynyň uruş ýyllarynda görkezen edermenligini we tylda zähmet çeken zenanlaryňdyr ýaşuly nesliň gaýratyny ebedileşdirmek üçin döredildi.Bu ýadygärlik özboluşly binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýar.

Ýadygärlik asmana sary açylyp barýan ägirt uly bägüli (läläni) ýatladýar. Bu, ýagty geljege bolan umydy we durmuşyň dowamlylygyny aňladýar. Binanyň beýikligi 27 metre ýetýär. Onuň merkezinde bolsa hemişe ýanyp duran “Baky ot” ýerleşdirilen.Ýadygärligiň daş-töweregindäki pilonlar (sütunlar) edil goragçylar ýaly, oty gurşap alyp, halkyň agzybirligini we Watany goramaga hemişe taýýardygyny alamatlandyrýar.

​”Baky ot” ýeke özbaşyna däl, ol “Halk Hakydasy” toplumynyň beýleki iki möhüm ýadygärligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär:

​”Ruhy tagzym”: 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde pida bolanlara bagyşlanan.

​”Milletiň ogullary”: Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryna bagyşlanan.

​Bu üç ýadygärligiň bir meýdançada ýerleşmegi, türkmen taryhynyň dürli döwürlerindäki kynçylyklara garamazdan, halkyň ruhunyň sönmändigini subut edýär.”Baky ot” diňe bir syýahatçylyk künjegi bolman, eýsem ýaş nesiller üçin watançylyk mekdebidir.

Mekdep okuwçylary we talyplar bu ýere gelip, ata-babalarynyň gahrymançylygy bilen tanyşýarlar. Aşgabatda täze durmuş gurýan ýaş çatynjalaryň toý güni bu ýere gelip, gül goýmagy we tagzym etmegi asylly däbe öwrüldi. Bu, bagtly durmuşyň parahatçylyk we asudalyk arkaly gazanylandygyna bolan hormaty.Her ýylyň Ýeňiş gününde we Hatyra gününde bu ýerde döwlet derejesinde gül goýuşlyk dabaralary geçirilýär.Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri şäheriň iň belent nokatlarynyň biridir. Gijelerine “Baky oduň” ýanyndan tutuş ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbini synlamak mümkin.

“Baky ot” ýadygärligi – bu diňe bir beton we mermer gurluşy däl. Ol – “Hiç kim we hiç zat ýatdan çykarylanok” diýen şygaryň janly subutnamasydyr. Ol, parahat asmanyň astynda ýaşaýan her bir ynsana, şu günki bagtly durmuş üçin janlaryny pida eden gahrymanlary ýatladyp durýan sönmez şugladyr.

Aganiýazowa Maral

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 107-nji toparynyň talyby