“Laçyn” seýilgähi Aşgabadyň gök zolaklarynyň üstüni ýetiren, relatiw täze we örän owadan künjekleriň biridir. Bu seýilgäh paýtagtymyzyň gündogar böleginde, howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýär we şäheriň myhmansöýerliginiň ilkinji nyşanlaryndan biri bolup hyzmat edýär.Ak şäherimiz Aşgabatda täze seýilgähleriň açylmagy däbe öwrüldi. Şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň tomsunda dabaraly ýagdaýda açylan “Laçyn” seýilgähi özüniň ýerleşýän ýeri we döwrebap bezegi bilen tapawutlanýar.Seýilgähiň ady tötänden saýlanyp alynmandyr. “Laçyn” – bu ýiti nazarly, çalasyn we buýsanjan guşdyr.
Seýilgäh Aşgabadyň Halkara howa menziline ýakyn ýerleşýär. Howa menziliniň binasynyň hem laçyn guşunyň keşbinde gurlandygyny göz öňünde tutsak, bu seýilgäh şol “uçuş” we “asman” temasynyň dowamy ýaly bolup görünýär.Ol myhmanlary garşylaýan we ugradýan, şäheriň dinamikasyny aňladýan simwoliki künjekdir.
”Laçyn” seýilgähi şäheriň işjeň çatryklarynyň birinde (Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň kesişýän ýerinde) ýerleşýär. Seýilgäh dürli görnüşli pürli we ýaprakly agaçlar, owadan güller bilen bezelipdir. Bu bolsa şol töwerekdäki köçeleriň gyzgyynlygyny peseldip, ekologik taýdan arassa gurşawy döredýär.Seýilgähiň meýilnamasynda döwrebap landşaft dizaýny ulanylypdyr. Egrem-bugram ýodalar, owadan çyralar we oturgyçlar seýilgähiň içini has-da gelşikli görkezýär.Aşgabadyň beýleki seýilgähleri ýaly, “Laçyn” seýilgähi hem yssy howada salkynlamak üçin amatly ýerdir.Seýilgähiň bezeginiň esasy bölegi suw çüwdürimleridir. Suwuň şildireýän sesi we sergin howasy bu ýerde gezelenç edýänlere ruhy lezzet berýär.Gijelerine seýilgäh dürli reňkli yşyklar bilen yşyklandyrylýar. Bu bolsa agşamky gezelençleri has-da täsirli edýär.
Bu seýilgäh diňe bir gezelenç ýeri bolman, eýsem şol töwerekdäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary üçin hem “dem alyş” zolagydyr. Çagalar, ýaşlar we ýaşulular üçin arassa howada wagtyny geçirmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.”Laçyn” seýilgähi – Aşgabadyň ösýän we gözelleşýän keşbiniň aýdyň subutnamasydyr. Ol özüniň ady bilen türkmen halkynyň belentliklere bolan ymtylyşyny, gök zolaklary bilen bolsa tebigata bolan söýgüsini wasp edýär.
Hallyýewa Gülşat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 107-nji toparynyň talyby

RU












