Günorta Koreýa, ykdysady we tehnologiki kuwwatyny ulanyp, kosmos giňişliginde öz ornuny berkitmek ugrunda yzygiderli ädimler ätýär. Koreýanyň Kosmos Barlaglary Instituty (KARI) tarapyndan dolandyrylýan bu maksatnama, milli ylmy özbaşdaklygy üpjün etmegi we geljekki kosmos barlaglary üçin ähmiýetli goşant goşmagy maksat tutunýar.Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýda yzygiderli baza gurmak arkaly dünýäniň öňdebaryjy kosmos güýçleriniň hataryna goşulmagy maksat edinýär.Baza Aýyň baýlyklaryny öwrenmek we geljekde Marsa gitmek üçin bir başlangyç nokady bolup hyzmat edip biler.
Günorta Koreýa 2022-nji ýylda “Danuri” atly ilkinji Aý barlag enjamyny (KPLO – Korean Pathfinder Lunar Orbiter) üstünlikli uçurdy. Bu enjam Aýyň töwereginde aýlanýar we geljekdäki gonuş missiýalary üçin meýilnamalary düzmäge kömek edýär. Meýilnama boýunça, Günorta Koreýa 2032-nji ýyla çenli Aýa öz gonuş enjamyny ugratmagy maksat edinýär.Ýurt özbaşdak işläp düzen we öndüren “Nuri” atly raketany üstünlikli synag etdi. Bu raketa, Günorta Koreýanyň uly göwrümli ýükleri özbaşdak kosmos giňişligine çykarmak ukybyny tassyklaýar.Aý bazasy maksatlaryndan başga-da, Günorta Koreýa geljekde Mars barlag missiýalaryny hem amala aşyrmagy meýilleşdirýär.Bu meýilnamalar Günorta Koreýanyň ykdysady güýjüni we tehnologiki mümkinçiliklerini kosmos ylmynda görkezmäge gönükdirilendir.
Maksatnamanyň iň esasy üstünlikleriniň biri, Günorta Koreýanyň doly öz güýji bilen işläp düzen we öndüren KSLV-II “Nuri” atly raketasydyr.”Nuri” Günorta Koreýanyň daşary ýurt tehnologiýalaryna garaşly bolmazdan, uly göwrümli ýükleri (1,5 tonna çenli) Pes Ýer Orbitasyna (LEO) çykaryp biljek seýrek ýurtlaryň birine öwrülendigini tassyklady. 2022-nji ýylda amala aşyrylan ikinji synag uçuşy üstünlikli boldy we raketanyň hakyky ýükleri kosmos giňişligine ýerleşdirmek ukybyny görkezdi. Bu üstünlik, geljekki Aý we Mars missiýalary üçin iň möhüm tehnologiki binýady döretdi.Günorta Koreýanyň kosmos programmasy Aýa gönükdirilen anyk we yzygiderli meýilnamalary öz içine alýar.
Günorta Koreýanyň Kosmos Maksatnamasy diňe bir milli buýsanjy däl, eýsem, geljekki tehnologiýalary ösdürmek we ýurduň ykdysadyýetiniň has-da ösmegine itergi bermek üçin möhüm strategik taslamadyr. “Nuri” arkaly özbaşdaklyk we “Danuri” arkaly Aýyň öwrenilmegi, Günorta Koreýanyň ynamly ädimler bilen 2045-nji ýylda Aýda Koreýanyň baýdagyny belentde parlatmaga taýýarlanýandygyny görkezýär.
Weliýew Mämmetkerim
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 107-nji toparynyň talyby

RU












