5-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy
Wagit Alekperowy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Lukoýl»
kompaniýasynyň ýolbaşçysy bar bolan mümkinçilikleri we olary amala
aşyrmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi
barada pikir alyşdylar.
Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň energiýa serişdelerini dünýä
bazarlaryna ibermek, nebitgaz çykarýan hem-de gaýtadan işleýän
önümçilikleriň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz we nebithimiýa senagatyny
ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek ýaly esasy
ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň barşynda işewür Gurbanguly Berdimuhamedowy Hazar
deňzindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek babatda «Lukoýl»
kompaniýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly,
Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýy hem-de bu ýerde nebit we gaz
ýataklaryny işläp taýýarlamaga, düzümiň gurluşygyna netijeli maýa goýmaga
mümkinçilik berýän hukuk binýady döredildi. Şonuň üçin onuň ýolbaşçylyk
edýän kompaniýasy şol ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine
gyzyklanma bildirýär.
Hormatly Prezidentimiz russiýaly hyzmatdaşlaryň başlangyçlaryny goldap,
taraplarda bar bolan teklipleriň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet
konsernleri bilen bilelikde öwrenilmegi hem-de seretmäge hödürlenilmegi
barada tabşyryk berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň hem-de «Lukoýl»
kompaniýasynyň anyk netijeleri ugur edinýän uzakmöhletleýin özara bähbitli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler «Lukoýl» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy
«Lukoýl» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy
