Eziz Watanymyz umumy ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy bilen, sebitde möhüm syýasy merkeze öwrüldi. Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylykly ýaşaşmak, parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek, sabyrlylyk ýaly ýörelgelerine ýa-da binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär. Häzirki döwürde bütin dünýäde berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadyna öwrüldi.
Şu ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl bolýar. Geçen döwrüň içinde baky Bitarap ýurdumyzyň halkara hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler amala aşyryldy, Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini we halkara guramalaryny parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çagyryşy hem-de halkara başlangyçlary gyzgyn goldawa eýe boldy. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlary esasynda kabul eden Kararnamalarynda hem anyk beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen baglylykda şu ýyl ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçýär. Bu şygarda Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk we dost-doganlyk ýörelgeleri, ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirýän başlangyçlary dabaralanýar.
Türkmen Bitaraplygy Ýer ýüzünde parahatçylygy ündeýän we ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgeleri äleme ýaýmakda dünýä nusgadyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň üstünliklere beslenmegi berkarar döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesiniň öňküden hem belent derejelere eýe bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki ajaýyp döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde hoşniýetli syýasaty öňe sürýän ýurt hökmünde tanalýar. Ata Watanymyz, sözüň doly manysynda, parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolup, dünýä şugla saçýar.
Şanly ýylyň taryhy günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň nobatdaky gezek kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şan-şöhratyny has-da artdyran waka bolup, halkymyzy beýik işlere, täze-täze üstünliklere ruhlandyrdy. Berkarar Watanymyzy dost-doganlygyň, parahat söýüjiliginiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

RU












