Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär» diýip belleýşi ýaly, bu günki gün türkmen ýaşlary hem ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşyp, ata Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Okap, öwrenip, döredip, ertiriň kämil şahsyýetleri bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynyň abraýyny has-da ýokarlandyrmakda, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekde, ýokary okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde munuň uly ähmiýeti bar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üstünliklere beslenip, täze, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gazanylýan belent üstünlikler eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşini dünýä ýaýýar.
Häzirki ajaýyp döwürde ähli ulgamlarda üstünlikler gazanylýar, täze sepgitlere ýetilýär. Şeýle belent üstünlikleri bilim özgertmelerinde hem görmek bolýar. Bilim ulgamynda ýaşlarymyza ene dilimiz bilen birlikde daşary ýurt dillerini öwretmek esasy öňe sürülýän wezipeleriň biridir. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli berjaý edilýär. Çagalar baglarymyzda, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň onlarçasy öwredilýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna berilýän bilimiň halkara derejede bolmagy üçin daşary ýurt dillerini bilmekleri hem-de öz pikirini erkin beýan edip bilmek ukybynyň bolmagy zerur. Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz hem bar. Ýaşlaryň kämil bilimli, ylmyň soňky gazananlaryndan doly baş çykaryp, öz saýlan ugrundan gory ýetik hünärmen bolmagy üçin dünýä dillerinden baş çykaryp bilmegi ilkinji nobatdaky zerurlykdyr.
Ylym-bilim her bir jemgyýet üçin gymmatly hazynalaryň biridir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, innowasiýalaryň ösen döwründe giň dünýägaraýyşly, özbaşdak pikirlenip bilýän, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmek baş maksatdyr.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

RU












