Dogmy daga meňzeş, kalby ýaz güle,
Üstünlik getirer bu ýurda diňe,
Öňe, Arkadagly Serdary bile,
” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,
Gahryman Serdarly Bitarap ilde.
Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz,
Bize mekdep ýazan her Şa serpaýňyz,
Sizden nusga alar, ýazjak paýymyz,
” Ýaşlar – Watanyň daýanjy” ak ýolda,
Gahryman Serdarly Bitarap ilde.
Bolup aýdym- saza sungata aşyk,
Watan waspyn saýrar gursagy joşup,
Hoş heňine dünýäden dost geler üýşüp,
” Ýaşlar – Watanyň daýanjy” ak ýolda,
Gahryman Serdarly Bitarap ilde .
Gujur, gaýrat, ukybymyz eldekä,
Erk eder, her bir kämil tehnika,
Bagtly nesle guwanýarka gül mekan,
” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,
Gahryman Serdarly Bitarap ilde .
Watan goýny gül açýarka görkana,
Bitaraplygymyz şöhrat getirer,
Aşygy biz eserleriň dürdäne,
Alkyş aýdyp Arkadagly Serdara,
” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,
Gahryman Serdarly Bitarap ilde.
Dünýäde üç gezek ykrar edilen,
Bu ýyl 30 ýyllyk toýy tutular,
” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,
Gahryman Serdarly Bitarap ilde.
Zöhre ROZYÝEWA
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň zenanlar guramasynyň başlygy;

RU












