Merdana pederlerimiziň parahatçylyga, özbaşdaklyga bolan ynsanperwer garaýyşlaryndan ugur alyp, şanly geçmişiň, şöhratly şu günüň, ýagty geljegiň arasynda altyn köpri bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi ebedi parahatçylyk, asudalyk, baky bagtyýarlyk diýmekdir. Çünki, ösüşiň täze belentliklerine tarap ädilen her bir üstünlikli ädimiň gözbaşy parahatçylyk bilen agzybirlik bolup durýar.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazlan ýatdan çykmajak waka boldy. Garaşsyz Türkmenistan döwletine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde ýörite “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynyň esasynda, 185 agza döwletleriň goldamagy bilen baky Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. Netijede, Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasyna öwrülip, türkmen halky hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak bilen ösüşiň täze belentliklerine ýetip bolýandygyny bütin dünýä subut etdi.

Mazmuny babatda oňyn bolan biziň baky Bitaraplygymyz döwletimiziň goşa ganatynyň biri bolup, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň garaşsyz subýekti hökmünde parahatçylygy we durnuklylygy goldamak, ýurtlaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly häsiýetleri özünde jemläp, halkymyza agzybirlikde, jebislikde, asudalykda ýaşamaga, berk binýatly mukaddes Garaşsyzlygymyzy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmen Bitaraplygynyň halkara derejesindäki abraýynyň belende göterilmeginde, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn uly tagallalary bar. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 agza döwletler tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa gaýtadan kabul edilip, Türkmenistan ikinji gezek baky Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa, bu günki gün dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň bitaraplygyna ýokary baha berýändiginden habar berýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniñ Sanly tehnalogiyalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniñ

Mugallymy Hoçjyýewa Aýbölek 

Talyby Annaberdiýew Ymamguly