6-njy fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Maslahatyň barşynda häkimler ýerlerde işleriň ýagdaýy, amala aşyrylýan özgertmeler hem-de degişli maksatnamalar, 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde sebitde umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda merkezleriniň, saglyk öýleriniň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň, şeýle hem Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, täzeçil usullara we innowasiýalara esaslanýan ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan sanly ulgamy ähli ugurlar boýunça özleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ykdysady kuwwatynyň berkidilmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagynda wajypdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşýandygy bellärliklidir. Döwlet Baştutany munuň möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, durmuş maksatly iri desgalary öz wagtynda we ýokary hilli gurmak babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda döwrebap ýolagçy awtomenzillerini gurmak hakyndaky Karara gol çekip, häkimlere degişli tabşyryklary berdi.