Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Halkalaýyn ýoluň ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketler müdirliginiň garamagyndaky täze 250 belgili bekediň açylyş dabarasy geçirildi.

Döwrebap bekediň gurluşyk işleri «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirligi tarapyndan gysga wagtda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirildi. Bu beket bir gije-gündiziň dowamynda 3000 sany awtoulagy awtomobil benzininiň A-95, A-92 we A-80 görnüşleri hem-de dizel ýangyjy bilen bökdençsiz üpjün etmäge ukyplydyr. Täze desgada işgärleriň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin hem ähli zerur şertler döredilipdir.

250 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedinde döwrebap sanly wideogözegçilik enjamlary hem-de merkezi elektron hasabatlaryň ulgamy hem işe goýberildi. Şunda bu beketde hasabatlary jemlemek işiniň awtomatlaşdyrylandygyny bellemelidir. Bu ulgamyň işe goýberilmegi bilen köp wagtyň hem-de maddy serişdeleriň sarp edilmegi ýaly meseleler kämilleşdirilen täze usullar arkaly doly çözüldi.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açylyp ulanylmaga berlen täze döwrebap beket sürüjiler üçin baýramçylyk sowgady boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniñ Geologiýa fakultetiniñ 

Talyby: Nureddinowa Dildara 

Azadow Rüstem