Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bolsa, şol işleriň esasylarynyň biridir. Sanly bilimiň esasy daýanýan dersleriniň biri hem matematikadyr.

Ýurdumyzda ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okadýan bilim ojaklarynyň sany barha artýar.

Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylymlaryň hataryna fizika, astronomiýa, himiýa, biologiýa, matematika, informatika ýaly ylymlar degişli edilýär. Bu ylymlaryň arasynda matematika aýratyn orun degişlidir. Belli alym N.I.Lobaçewskiniň aýdyşy ýaly: «Matematika — bu hemme takyk ylymlaryň gürleýän dilidir». Matematika (grekçe mathema — bilim, ylym) — bu ähli ylymlaryň esasy bolup hyzmat edýär. Zerur hasaplamalary geçirmän fizikany, himiýany, biologiýany we beýleki dersleri öwrenmek asla mümkin däldir. Haýsy ylmy öwrensek hem, haýsy kärde işlesek hem matematikany bilmek zerurdyr.

Çărjew etrabynyñ 28-nji orta mekdebiniñ fizika we matematika mugallymy.

 Şarapowa Gowher Babakulyŷewna