Häzirki döwrüň globalizasiýa we sanly innowasiýalar eýýamynda bilim – bu diňe bir ylymlaryň jemi däl, eýsem, ýurduň we her bir raýatyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýän esasy strategik guraldyr. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň dünýä derejesindäki zähmet bazarynda öz mynasyp ornuny tapmagy üçin ýagty ýoly açýar. Döwrebap bilim – bu ýaşlaryň diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem, halkara giňişlikde hem üstünlik gazanmagynyň açarydyr.Bäsdeşlige ukyplylyk, ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalary özleşdirmegi we ulanyp bilmegi talap edýär. Döwrebap bilim bu ukyplaryň esasy binýadydyr.Ýaşlara programmirleme, kiberhowpsuzlyk, emeli aň ýaly ugurlarda çuňňur bilim bermek, olaryň sanly ykdysadyýetde ýokary islegli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.
Bäsdeşlige ukyply adam ýöne bir bilimi ýatda saklamaýar. Ol tankydy pikirlenmäge, täzeçil çözgütleri tapmaga we döredijilikli başlangyçlary öňe sürmäge ukyply bolmalydyr. Döwrebap okuw metodlary bu endikleri ösdürýär. Ylmyň we bilimiň hözirini görýän ýurtlar, dünýäde iň çalt ösýän ykdysadyýetlere eýedirler. Türkmenistan hem bilimiň üsti bilen ýokary tehnologiýaly, innowasion önümçilikleri ösdürmegi maksat edinýär.Halkara derejede bäsdeşlige ukyply bolmak, dünýä standartlaryna laýyk bilimi we aragatnaşyk endiklerini talap edýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen bilim alyş-çalyş we bilelikdäki maksatnamalary alyp barmagy, ýaşlarymyzyň hünär derejesini ýokarlandyrýar.Häzirki hünärmenler üçin köpdillilik (esasanam Iňlis dili) zerurdyr. Dilleri bilmek halkara hyzmatdaşlyga, täze maglumatlara we tehnologiýalara ýol açýar. Bäsdeşlik ukyby diňe hünärden däl, eýsem, global gatnaşyklary gurup bilmekden hem başlanýar.Döwrebap bilim bilen bilelikde, ýaş nesil milli terbiýäniň esasy sütünleri bolan zähmetsöýerligi, jogapkärçiligi we Watana bolan ygrarlylygy özleşdirmelidir.
Bilimli we zähmetsöýer ýaşlar, öz bilimlerini ýurduň milli ykdysady bähbitlerine gönükdirip, ýurdumyzyň abadan durmuşyny we Galkynyşyny üpjün edýän esasy güýç bolar. Döwrebap bilim – bu ýaş nesiller üçin ýagty we röwşen geljege alyp barýan iň gymmatly maýa goýumydyr. Bäsdeşlige ukyplylyk – bu diňe bir diplom däl, eýsem, hünärde, durmuşda we Watan ösüşine goşant goşmakda uly üstünlikler gazanmak ukybydyr.
Ballyýewa Mähriban
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 113-nji toparynyň talyby

RU












