Hemişelik Bitaraplyk – bu Türkmenistan üçin diňe bir daşary syýasat doktrinasy ýa-da halkara-hukuk statusy däl. Ol, türkmen halkynyň kalbynyň we ruhunyň çuňlugyndan syzylyp çykan durnukly ýörelgedir. Bitaraplyk, asyrlarboýy türkmeniň ýaşaýyş durşunda, pähimlerinde we agzybirlikde jemlenen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýaly iň esasy häsiýetleriň döwlet derejesindäki beýanydyr. Bitaraplyk – bu biziň ruhsy binýadymyzyň iň berk galyň sütünidir.
Türkmen halky gadymdan bäri parahatçylyk söýüji halk hökmünde tanalýar. Bu häsiýet Bitaraplyk statusynda özüniň iň ýokary görnüşini tapdy.Türkmenler hemişe hoşniýetli goňşuçylyga we özara sylaşyga uly sarpa goýupdyrlar. Bitaraplyk syýasaty hem hut şu milli däbe daýanyp, ähli goňşy döwletler bilen deňhukukly we ynanyşykly gatnaşyklary gurmagy maksat edinýär. Bitaraplyk, türkmen kalbynyň açyklygyny we dialoga taýýarlygyny aňladýar. Dünýäniň ähli döwletleri bilen parahat we dostlukly hyzmatdaşlygy alyp barmak — bu kalbyň asudalygynyň we ynamynyň netijesidir.Bitaraplyk – bu diňe bir daşarky durnuklylyk däl, eýsem, içerki agzybirligi we jemgyýetdäki ynamy berkitmäge ýardam edýän ruhy güýçdür.
Bitarap döwletde ýaşamak, her bir raýat üçin ertirki güne bolan ynamy we ruhsy howpsuzlygy berýär. Ýurtda uruş ýa-da konflikt howpunyň ýokdugy, adamlaryň asudalykda we durnuklylykda döredijilikli zähmet çekmegine mümkinçilik döredýär.Bitaraplyk, ýurduň ähli ilatyny bir bitewi maksat – Watanymyzyň Galkynyşy we abadan geljegi ugrunda birleşdirýär. Bu, ýaşlaryň watansöýjülik ruhunda terbiýelenmegi üçin esasy binýatdyr.Häzirki döwrüň talaplary bilen utgaşdyrylan Bitaraplyk, türkmen halkynyň mukaddes mirasynyň täze eýýamdaky beýanydyr.Bitaraplyk, paýhaslylygyň we syýasy akyldarlygyň nyşanydyr. Kynçylykly halkara ýagdaýlarda dogry we parahatçylykly ýoly saýlap bilmek — bu asyrlaryň tejribesi bilen kemala gelen kalbyň güýjüdir. BMG-niň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk Güni diýip yglan etmegi, türkmen halkynyň bu durnukly ýörelgesiniň umumydünýä derejesinde ýagşylygyň we parahatçylygyň gymmatlygyna öwrülendigini görkezýär.
Bitaraplyk – bu diňe bir Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen gatnaşygy däl. Ol, türkmen kalbynyň durnukly ýörelgesi bolup, asudalygy, agzybirligi, ynanmak we hoşniýetliligi özünde jemleýär. Bu ýörelge, biziň Bagtyýar we Galkynyşly durmuşymyzyň ähli ugurlaryny yşyklandyryp, Watana bolan söýgimiziň we röwşen geljege bolan ynamymyzyň iň berk binýadydyr.
Garabatyrowa Maýagözel
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 113-nji toparynyň talyby

RU












