Häzirki döwürde dünýä tiz üýtgeýän, maglumatlar we sanly tehnologiýalar esasynda ösýän tizlikli eýýamda ýaşaýar. Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşiň esasy ugry hem döwrebap bilim arkaly kämil, innowasion jemgyýeti gurmakdan ybaratdyr. Döwrebap bilim – bu diňe bir ylymlary öwrenmek däl, eýsem, ýagty we röwşen geljege alyp barýan iň ynamdar ýoldur.
Bilim – bu durmuşdaky ähli gapylary açýan iň güýçli guraldyr. Döwlet derejesinde bilimiň hiline we mazmunyna berilýän üns, ýurduň global bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň esasy şertidir. Döwrebap bilim, ýaşlara sanly tehnologiýalary, emeli aňy we programmirlemegi çuňňur öwredýär. Bu, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sanlaşdyrylmagy we bilim esasly jemgyýete öwrülmegi üçin esasy binýatdyr.Ýokary hünär bilimine eýe bolan ýaşlar, diňe bir işe ýerleşmekde däl, eýsem, özbaşdak başlangyçlary we taslamalary amala aşyrmakda hem uly mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Bu, işewürligiň we innowasiýanyň ösmegine ýardam berýär.Döwrebap bilim ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldip, olary halkara gatnaşyklara taýýarlaýar. Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ýagty ýoluň ählumumy derejede açylmagyny üpjün edýär.Daşary ýurt dillerini, ilkinji nobatda iňlis dilini çuňňur bilmek, türkmen ýaşlaryna dünýäniň öňdebaryjy ylmy edebiýatyny, maglumatlaryny we tejribelerini özleşdirmäge ýol açýar.
Türkmenistanda bilime berilýän ýokary ähmiýet, döwlet Baştutanlarymyzyň ýurduň geljegine ynamynyň aýdyň beýanydyr.Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw jaýlaryna çenli ähli bilim edaralarynyň iň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, ýaşlara kämil bilim almak üçin ähli şertleri döredýär.Döwrebap bilimi alan ýaşlar, öz bilimlerini we ukyplaryny Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirýärler. Olar geljekde ýurdy dolandyryjy, ylymy ösdüriji we täzeçil çözgütleri giriziji nesil bolar.
Döwrebap bilim – bu ýagty ýoly yşyklandyrýan yşykdyr. Ol diňe bir hususy durmuşy däl, eýsem, bütin jemgyýetiň we döwletiň ykbalyny gowulandyrýar. Türkmenistan üçin bilim – bu abadançylygyň, durnuklylygyň we beýik geljegiň iň esasy maýa goýumydyr.
Agajumaýew Arslan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU












