​Kitap — asyrlaryň aşa toplanan bilimi, paýhasy we medeni gymmatlyklary özünde jemleýän iň gymmatly hazynadyr. Ol diňe bir maglumat ýaýradyjy serişde bolman, eýsem, bir milletiň ruhy dünýäsini, taryhyny we geljegine bolan garaýşyny şöhlelendirýän aýnadyr.Kitap, ylmyň we bilimiň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Kitaplar arkaly adamzat öz geçmişini, ösüş ýoluny we edinen tejribesini nesilden-nesle geçirýär. Her bir taryhy ýazgy, medeni mirasyň ýitmezligine kepil bolýar. Iňlis alymy Izaak Nýuton, “Men has daşy görýän bolsam, bu meniň äpetleriň eginlerinde durandygyma şaýatlyk edýär” diýipdir. Bu äpetler — öňki alymlaryň kitaplardaky ylmy eserleridir. Kitaplar täze açyşlar üçin başlangyç bolup hyzmat edýär.

Ylmy we çeper edebiýat adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirlenmek ukybyny ösdürýär we tankydy garaýşy kemala getirýär. Kitap okamak — öz-özüňi terbiýelemegiň iň netijeli ýoludyr.

​”Kitap — bir adamyň durmuşynyň durnuklylygyny, onuň ruhunyň ýokarylygyny we intellektual baýlygyny görkezýän iň gowy görkezijidir.”Kitaplar bir halkyň medeniýetiniň ýaşaýandygyny we ösýändigini görkezýän iň wajyp delildir.Edebiýat diliň iň arassa we baý nusgasydyr. Kitaplar arkaly milli dil (Türkmen dili) öz gözelligini, grammatikasyny we söz baýlygyny gorap saklaýar. Türkmen nusgawy edebiýaty muňa iň gowy mysaldyr.Türkmen halkynyň milli ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary we ýokary ynsanperwerlik ideallary Magtymguly Pyragynyň, Keminäniň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Belli bir halkyň edebiýaty beýleki halklaryň diline terjime edilende, ol şol milletiň medeniýetini dünýä tanatýar. Türkmen edebiýatynyň dünýä dillerine terjime edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň medeni abraýyny has-da ýokarlandyrýar.Türkmenistanda kitaphanalar ulgamynyň ösdürilmegine, täze neşirleriň çap edilmegine we bilim ulgamyna berilýän ähmiýet, döwletiň medeni ösüşe goýýan uly sarpasyny görkezýär.

Kitap — yşykdyr. Ol diňe bir bizi bilimler bilen yşyklandyrman, eýsem, milli medeniýetimiziň we ruhy mirasymyzyň dowamlylygyny üpjün edýär. Kitap okamak — bu günki güni kämilleşdirmek we ertirki güni gurmak üçin iň möhüm maýa goýumydyr. Şonuň üçin her bir adamyň durmuşynda kitabyň orny örän uludyr.

Nurgeldiýewa Ogulnur

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby