Türkmen halkynyň pähimler hazynasynda bagyşlamak ukyby ynsanyň iň ýokary ruhy mertebesi hasaplanýar. Bagyşlamak – bu diňe bir ýalňyş goýberen adamyň günäsini geçmek däl, eýsem, öz kalbyňy kine we gahar ýaly agyr ýüklerden azat etmekdir. “Bagyşlamak — Ýagşylygyň Beýany” diýen pähim, hakyky ýagşy adamyň rehimdarlygynyň, parasatlylygynyň we asyllylygynyň aýdyň nyşanydyr.Kinäni we öýke-kinäni saklamak — bu kalbyň iň agyr zäheridir. Ol adamyň saglygyna, ruhuna zyýan ýetirýär we durmuşdaky şatlykly pursatlaryň öňüni böwetleýär.Bagyşlamak, adama içki erkinligi berýär. Kine saklamak bilen harçlanýan ägirt uly ruhy energiýa, bagyşlamak arkaly döredijilige, parahatçylyga we öz ösüşiňe gönükdirilýär. Bagyşlamak ukyby sabyrlylygy we paýhaslylygy talap edýär. Ýagşy adam özüni gahar-gazabyň garşysynda saklap bilýän we ýalňyşyň ynsan tebigatynyň bir bölegidigine düşünýän adamdyr.
Bagyşlamak — bu beýleki adamlar bilen gatnaşyklary täzeden gurmagyň we berkidmegiň iň esasy ýoludyr. Ol jemgyýetde agzalalygy däl-de, agzybirligi dabaralandyrýar. Bagyşlamak, hakyky hoşniýetliligiň iň aýdyň görkezijisidir. Kimdir birini bagyşlap bilýän adam, kalby giň, rehimdar we ynsanperwer adamdyr. Türkmençilikde “Geçirimli bolan – dogan bolar” diýen pähim bar. Maşgalada ýa-da dost-ýarlaryň arasynda bolup biljek düşünişmezlikler, diňe bagyşlamak we özara düşünişmek arkaly aradan aýrylyp bilner. Bu bolsa, biziň jemgyýetimiziň durnuklylygyny üpjün edýär.
Bagyşlamak ýörelgesi türkmen halkynyň dini we ahlak mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Bu gymmatlygy ýaş nesle geçirmek, milletiň ruhy binýadynyň berkidilmegini aňladýar. Bagyşlamak — bu maddy baýlyk däl, eýsem, ruhy baýlykdyr. Kalbynda kine saklamaýan adam, durmuşyň hakyky manysyny, ýagny söýgini añlatýar.
Bagyşlamak — bu ýagşylygyň iň beýik we iň kämil beýanydyr. Ol diňe bir başgalary däl, eýsem, özüňi hem bagtly edýän iň uly ynsanperwerlik ýörelgesidir. Biz kalbymyzy kinelerden azat etsek, parahatçylygyň, ynamyň we bagtyýarlygyň ýagty ýoluny açan bagtýar durmuşyñ hözürini görùp ýaşaýan bagtly nesiller bolarys.
Annaýewa Şemşat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby

RU












