​Durmuşy uly gurluşyk meýdançasy hasap edýän bolsak, onda biziň maksatlarymyz we arzuwlarymyz şol gurluşygyň bezegi we beýikligidir. Emma saglyk bolsa, bu ähli zadyň üstünde durýan berk we ygtybarly binýadydyr. Binýat berk bolmasa, iň owadan we beýik gurluşyk hem ýykylyp biler.Saglyk diňe bir lukmançylyk düşünjesi bolman, eýsem, ýaşaýyş energiýasy, mental durnuklylyk we maksada okgunlylyk bolup, ähli üstünlikleriň iň möhüm çeşmesidir.

Uly maksatlara ýetmek uly mukdarda güýç, yhlas we dowamlylyk talap edýär. Bu energiýanyň çeşmesi bolsa sagdynlykdyr. Uzak we agyr iş gününe döz gelmek, täze taslamalary amala aşyrmak ýa-da maşgala aladalaryna ýetişmek üçin bedeniň güýçli bolmagy zerurdyr. Sagdynlyk bu islendik kynçylygy kabul etmäge mümkinçilik berýär.Agyz ýa-da ukusyzlyk sebäpli ýadan akyl dogry karar çykaryp bilmez. Kadaly iýmitlenmek we dynç almak bilen goldanýan sagdyn beýni bolsa, täze pikirleri döredýär, meseleleri çalt çözýär we öwrenmek ukybyny güýçlendirýär. Maksatlara ýetmek köplenç wagt talap edýär. Saglyk, bize ýolda durman, päsgelçiliklere garamazdan dowam etmäge zerur bolan fiziki we ruhy durnuklylygy berýär.

Maksatlarymyza ýetmekde fiziki saglyk näçe möhüm bolsa, akyl (mental) saglygy-da şonça-da ajypdyr.Üstünlik gazanmagyň ýoly köplenç stres we basyş bilen doly bolýar. Akyl taýdan sagdyn bolmak, adamyň negatiw duýgulara döz gelmegine, erbet ýagdaýlardan çalt çykmagyna mümkinçilik berýär. Özüne ynanmak we geljege optimistik (gowy) garaýyşda bolmak—üstünlik gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýjüdir. Sagdyn akyl adama öz ukyplaryna ynanmaga we şowsuzlygy täze mümkinçilik hökmünde görmäge kömek edýär. Maksatlara ýetmek ukyby, pikiri bir zada jemläp bilmek ukybyna baglydyr. Akyl saglygy, daşarky päsgelçiliklerden gaça durup, esasy wezipä ünsi jemlemäge ýardam edýär.

​Saglygyňyz bilen bagly aladalar bolmadyk ýagdaýynda, durmuşyňyzda ähli güýç we üns esasy maksatlaryňyza gönükdirilýär. Ýygy-ýygydan kesel bolmak ýa-da yzygiderli agyrylar wagtyňyzy lukmançylyk edaralaryna sarp etmäge mejbur edýär. Sagdyn ýaşaýyş bolsa, bu gymmatly wagty ösmek, öwrenmek we döretmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.Maksada ýetmek üçin dogry kararlar zerurdyr. Fiziki we akyl taýdan sagdyn adamlar emosional basyş astynda bolmadyk ýagdaýda, has anyk we dogry çözgütleri kabul edýärler.Saglyga ideg etmek, bize diňe bir häzirki däl, eýsem, uzak geljekdäki maksatlarymyzy hem göz öňünde tutup, olara yzygiderli ýetmäge mümkinçilik berýän uzyn we netijeli ýaşaýşy wada berýär.

​Saglyk, diňe bir ýaşamagyň däl, eýsem, höwes bilen, doly we maksada laýyk ýaşamagyň binýadydyr. Saglygyňyza ideg etmek bilen, siz diňe özüňize däl, eýsem, ähli arzuwlaryňyzyň we maksatlaryňyzyň hasyl bolmagy üçin iň uly maýa goýumyny edýärsiňiz.

Maksadow Agajan

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby