Saglyk – bu diňe bir lukmançylyk termini däl. Ol durmuşyň hili, şahsy erkinlik we maksada laýyklyk ýaly esasy düşünjeleriň merkezinde durýan güýçdir. Saglyk, durmuşyňyzda ähli zatlaryň manysyny we gymmatyny kesgitleýän iň esasy maýa goýumdyr.Sagdynlyk, durmuşyň her bir pursadyny doly duýup we ondan lezzet alyp ýaşamaga mümkinçilik berýär.
Sagdyn beden we akyl, bize daşky gurşawyň gözelliklerini (gülleriň ysy, aýdymyň labzy, ýagtylyk) doly kabul etmäge we durmuşdan lezzet almaga ýardam edýär.Ýokary hilli durmuş üçin energiýa zerurdyr. Saglyk, bize diňe bir işlemek üçin däl, eýsem, söýgi, dostluk we döredijilik üçin hem ýeterlik güýç berýär.Durmuş hemişe kynçylyklar bilen doly. Sagdyn akyl we beden bize stresse garşy durmaga we kynçylyklara çalt uýgunlaşyp, olary üstünlikli ýeňip geçmäge kömek edýär.Saglyk, adamyň iň esasy erkinligini üpjün edýär öz durmuşyny dolandyrmak erkinligini berkitýàr.Kesel ýa-da yzygiderli agyry adamy lukmanlaryň, dermanlaryň ýa-da başgalaryň kömegine mätäç edýär. Sagdyn adam bolsa öz islegine görä ýaşaýyş ýoluny saýlamaga erkindir.
Fiziki taýdan güýçli bolmak, adamyň gündelik zerurlyklaryny özbaşdak ýerine ýetirmegine, başgalara garaşly bolmazlygyna mümkinçilik berýär. Bu, adam ruhunyň iň uly buýsanjydyr.Saglyk problemalary köp wagty, pul serişdesini we nerw energiýasyny sarp edýär. Sagdyn bolmak, bu gymmatly serişdeleri öz maksatlaryňyza, maşgalaňyza ýa-da döredijilige sarp etmäge mümkinçilik berýär.Islendik uly maksat, sportda, ylymda, ýa-da işde bolsun, sagdyn esaslary talap edýär.Biziň zähmetimizde ýa-da okuwymyzda üstünlik gazanmagymyz, göni saglygymyza baglydyr. Nerwi bozuk, ýa-da dowamly ýadawlykda ýaşaýan adamlar öz ukyplaryny doly görkezip bilmezler.Adam öz saglygyna seretmek bilen, diňe bir özüne däl, eýsem, öz maşgalasyna, ýakynlaryna hem jogapkärçilikli çemeleşýär. Sagdyn ene-ata we jemgyýet agzasy bolmak, ýurtda hem-de maşgalada abadançylygyň esasy şertidir.Ýaşuly döwürde sagdynlygyňy saklap galmak, soňky nesillere durmuş tejribäňizi we bilimiňizi paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Saglyk, baýlyk ýa-da dereje bilen çalyşylyp bilinmeýän ýeke-täk hakyky gymmatlykdyr. Ol diňe bir ýaşamagyň däl, eýsem, ýaşamagyň manysyny we hili bolup durýar. Saglygyň manysy – bu öz durmuşyňy doly we bagtyýar ýaşamak ukybydyr.
Durdyýew Döwran
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU












