​Päklik we ynam – bu türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda aýap saklan iň esasy ruhy we ahlak gymmatlyklarydyr. Päklik – bu kalbyň arassalygy, ýagşy niýet we dogrulyk bolsa, ynam – bu Watana, maşgala, dost-ýara we Taňryýaradanlara bolan berk ygrarlylykdyr. Bu iki sütün, ynsanyň şahsyýetini we bütin bir milletiň ruhuny emele getirýän iň gymmatly hasyldyr.Päklik diňe bir daşky arassaçylyk däl. Ol iň esasy içki arassalyk, ýagny gahar-gazapdan, kineden, ikiýüzlülikden we nebsine gyzmakdan azat bolmakdyr.

​Hakyky päklik, adamyň niýetiniň we aýdýan sözüniň arassalygynda ýüze çykýar. Türkmen halkynda “Sözüň dogry bolsa, ýoluň dogry” diýlen pähim bar. Päklik — bu sözde däl-de, eýsem, edýän işleriňde dogry bolmakdyr.Päkligiň esasy görkezijisi halallykdyr. Halal zähmet çekmek, halal ýaşamak we beýlekileriň hakyna el uzatmazlyk – päk ynsanyň iň esasy durmuş kadasydyrPäkligiň iň aýdyň beýany çaganyň ýüzündäki ýylgyryş we onuň päk kalbynda. Olar dünýäni galplyksyz, açyk ynam bilen kabul edýärler.

​Ynam – bu şahsyýetleri, maşgalany we bütin bir jemgyýeti berkitýän galyň sütün bolup hyzmat edýär. Ynam bolmasa, jemgyýet agzybir we jebis bolup bilmez.Türkmen halky üçin ynam – ilkinji nobatda Watana, Prezidente we ata-babalarymyzyň ýörelgelerine bolan çäksiz ygrarlylykdyr. Bu ygrarlylyk döwletliligiň esasy diregidir.”Ynam bilen gurulan ýaşaýyş, mydama berk bolar”. Ynam maşgalanyň agzybirligini, dostlaryň we goňşularyň gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bir-birege ynanmak, durmuşdaky kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmäge kömek edýär.Päklik we ynam – bu biziň ruhsy binýadymyzdyr. Bu häsiýetleriň ýaş nesle geçirilmegi, ýagty geljegimiziň berk kepilidir.

Päklik ruhunda terbiýelenen ýaşlar, hünärde, ylymda we durmuşda dogry ýoly saýlap alýarlar. Olar jemgyýetiň üstünligine goşant goşýan, ahlakly we asylly raýatlar bolup ýetişýärler. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hem dünýä jemgyýetçiliginde özüniň ynanyşykly we parahatçylyk söýüji pozisiýasy bilen ykrar edilýär. Bu, milli kalbymyzdaky päkligiň we beýlekilere bolan ynamyň halkara derejedäki beýanydyr.

Päkligiň we ynamyň beýany – bu türkmen ynsanynyň iň ýokary mertebesidir. Bu gymmatlyklary saklamak we ýaşatmak, biziň mukaddes borjumyzdyr, sebäbi olar biziň bagtyýar we Galkynyşly durmuşymyzyň esasy gözbaşy we ýoluny ýagtyldýan yşykdyr.

Ýazmyradowa Altyn

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby