​Türkmen halkynyň parasatly pähiminde we döwletlilik ýörelgesinde ýaş nesiller — bu diňe bir döwrüň dowamaty däl, eýsem, ýagty ertiriň iň möhüm we mukaddes gözbaşydyr. Ýaşlaryň her bir ýylgyryşy, her bir döredijilikli pikiri we her bir üstünligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň has hem röwşen boljakdygynyň aýdyň alamaty bolup durýar.Ýaş nesliň sagdyn we bagtyýar bolup ýetişmegi — bu jemgyýetiň içki asudalygynyň we ynamynyň esasy görkezijisidir. Çagalaryň we ýaşlaryň kalby we pikiri päkdir. Olaryň ýüzündäki ynamly we umytly garaýyşlar, biziň parahatçylyk we abadanlyk ýörelgelerimize bolan umumy ynamymyzy güýçlendirýär.Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň milli edep-terbiýesini, Watansöýjüligini, ýaşula hormaty öwretmek, olaryň ertirki gün kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin esasy wezipe bolup durýar.

Ýagty ertiriň binýady döwrebap bilimdir. Türkmenistan ýaşlara dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply bilim bermek ugrunda uly tagallalar edýär.Ýaşlar diňe bir geçmişi öwrenmän, eýsem, innowasiýalary, sanly tehnologiýalary özleşdirip, täzeçil çözgütleri teklip etmäge ukyply bolmalydyrlar. Döwlet bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi munuň üçin şert döredýär. Kämil bilim we hünär taýdan ýokary taýýarlyk — ýaşlaryň özbaşdak, erkin we netijeli zähmet çekip, ýurduň ykdysady we medeni ösüşine mynasyp goşant goşmagyny üpjün edýär.Türkmenistanda ýaşlar syýasaty döwletlilik ýörelgesiniň iň möhüm bölegidir. Ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň sagdyn ösmegini üpjün etmek, ähli derejelerde goldanýan maksatnamadyr.

Çagalygyň iň ýagty we bagtyýar döwrüni döretmek, ýaşlaryň sport, medeniýet, sungat bilen meşgullanmagy üçin iň gowy şertleri döretmek esasy borçdur.Hormatly Prezidentimiz arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu ynam ýaşlaryň jogapkärçiligini artdyryp, olary Watana wepaly, zähmetsöýer we maksada okgunly bolmaga ruhlandyrýar.

Ýaş nesiller – biziň ýagty ertirimize aýratyn ynam bilen seredýän, milli ruhumyzy we döwrebap bilimimizi özünde jemleýän iň gymmatly gözbaşymyzdyr. Olary goldamak, olaryň döredijilik ukyplaryny açmak we olara mynasyp bilim bermek — biziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki bu günki ýaşlaryň ýylgyryşy, ertirki gün bütin Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň nyşanydyr.

Sarsynowa Oguljennet

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 117-nji toparynyň talyby