​Beýik Ýüpek Ýoly taryh kitaplarynda köplenç söwda, kerwenler we baýlyk bilen baglanyşykly agzalýar. Emma bu ýol harytlaryň daşalyş ýoly bolşy ýaly, hakyky manysynda ynsanyň ýüreginiň, arzuwlarynyň we ruhunyň ýoly bolupdyr. Ol diňe bir geografiki çatryk däl, eýsem, duýgularyň we pikirleriň özara gatyşýan, täsirleşýän çeşmesi bolup hyzmat etdi. Ýüpek Ýoly, dürli halklaryň we medeniýetleriň bir-birini tanaşmak we sylaşmak üçin eden ruhy syýahatydyr.

Uzagyndan gelen söwdagärler, alymlar we zyýaratçylar, her bir şähere we kerwensaraýa diňe bir haryt däl, eýsem, öz durmuş tejribelerini, hekaýalaryny we duýgularyny hem getirdiler.Uzak we howply syýahatlar ynsanlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklary döretdi. Syrly Gündogaryň baýlyklaryny görmäge bolan isleg, howpy bilelikde ýeňip geçmek zerurlygy, duýgudaşlygy we yşgy döretdi. Söwdagärler öýleri we maşgalalary baradaky gussalaryny ýa-da täze ýerleriň täsirinden alan şatlyklaryny paýlaşýardylar.Dürli dinlere we däplere eýe bolan adamlar Ýüpek Ýolunda ýany-ýana ýaşaýardylar we söwda edýärdiler. Bu, olara parahatçylykly sylaşygyň we ynsanperwerligiň gymmatyny öwretdi. Ýol, adamlaryň arasyndaky tapawudy däl-de, olary birleşdirýän umumylyklary nygtady.Ýüpek Ýoly halk döredijiliginiň, dessanlaryň we şygyrlaryň dörän we ýaýran çeşmesidir.Şahyrlar we bagşylar kerwenler bilen bilelikde syýahat edip, täze halklaryň ertekilerini, taryhy gahrymanlarynyň wakalaryny we söýgi dessanlaryny öz ýurtlaryna getirdiler. Meselem, Gündogar medeniýetiniň iň meşhur söýgi dessanlarynyň we rowaýatlarynyň köpüsi Ýüpek Ýolunyň ugurlarynda döräp we ýaýrapdyr. Ýol diňe bir Buddhizm ýa-da Yslam ýaly uly dinleri däl, eýsem, ynsan durmuşynyň manysy, ykbal, adalatlylyk ýaly pelsepewi soraglar baradaky garaýyşlary hem özara garyşdyrdy. Merw, Samarkant ýaly şäherler akyl-paýhasyň we ruhy gözlegleriň merkezleri boldy.

​Ruhy baýlyk diňe bir sözde däl, eýsem, göz bilen görülýän we elli duýulýan sungatda hem öz beýanyny tapdy. Ýüpek Ýoly boýunça ýaýran reňkler, boýaglar we nagyşlar, ýerli senetçileriň sungatyna täsir etdi. Türkmen halyçylygyndaky we zergärçiligindäki göller, Hytaýyň nagyşlary, Pars miniatýuralary we Hindi motifleri bilen garyşyk bolup, bu ruhy sintezi görkezýär.Kerwensaraýlar we metjitler diňe bir uly binalar däl, eýsem, döwriň estetikasynyň we ynanjynyň beýanydyr. Olaryň gurluşy we bezegleri, ybadat edijileri we syýahatçylary ruhy rahatlyga we haýran galmak duýgusyna eltmek üçin niýetlenipdir.Ýüpek Ýoly hakykatdan hem “Ýüregiň Ýoly” boldy, çünki ol ähli kynçylyklara garamazdan, adamlaryň arasyndaky ynsanperwerlik, sylaşyk we tanyşmak arzuwynyň üstün çykandygyny subut etdi. Dürli medeniýetleriň bir-biriniň ýanynda ýaşap bilmek ukybynyň ähmiýetini açyp görkezýàr.Alymlary, şahyrlary we bagşylary döredijilige ylhamlandyran güýji. Ýol, ähli tapawutlara garamazdan, adamyň adama bolan ynamyny we söýgüsini ösdürdi.

Kämilow Jöwzä

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 117-nji toparynyň talyby