​Suw – bu ýaşaýşyň çeşmesi we tebigatyň iň owadan aýnasydyr. Kölleriň we derýalaryň mylaýym ýüzleri diňe bir daş-töweregi däl, eýsem, ynsan ruhunyň çuňňur manylaryny hem görkezýän täsin bir sahna döredýär. Suw ýüzündäki yzgalar, şöhleler we reňk çalşygy biziň duýgularymyza, döredijiligimize täsir edip, hakyky dünýä bilen onuň ideal beýanynyň arasyndaky tapawudy görkezýär.

​Köl ýa-da derýa ýüzi adatça tebigy aýna hökmünde hyzmat edýär. Bu aýna, daş-töweregi — gögi, bulutlary, agaçlary — ýuwşaklyk bilen özüne alýar, emma ony birneme üýtgedip görkezýär. Suw, asmandan we kenardan düşýän ýagtylygy siňdirip we gaýtaryp berip, reňkleri adatdakydan has çüm we ýuwaş edip görkezýär. Gök we ýaşyl reňkler bu ýerde has güýçli beýan tapýar.Suw ýüzünde emele gelen ters şekil, bize fiziki hakykat bilen onuň ideal we simwoliki beýanynyň arasyndaky tapawudy görkezýär. Şahyrlar we pelsepeçiler üçin bu aýna, köplenç hakyky durmuş bilen arzuwlar dünýäsiniň arasyndaky çägi aňladýar.

​Suw ýüzüniň iň gyzykly aýratynlygy onuň durnuksyzlygydyr. Bir damja ýagyş ýa-da mylaýym şemal, aýnanyň ýüzüni ýüzlerçe yzgalara bölýär we durnukly şekil birden ýüzlerçe reňkli böleklere dargap gidýär.Bu yzgarlar, bize durmuşyň üýtgewsiz däl we wagtlaýyn häsiýetini ýatladýar. Iň kämil pursat hem bir pursatda dargap, täzeden döremäge mejbur.Ýagyş ýaganda ýa-da suw ýüzünde tolkun emele gelende, şöhleler dürli burçlar bilen ýaýrap, kristallik we jadyly bir görnüş döredýärler. Bu “dargan” şöhleler, ynsanyň çylşyrymly we üýtgeýän içki dünýäsiniň iň gowy beýanydyr.

​Medeniýetde we pelsepede suw, hemişe ruhy arassalygy, içki çuňlugy we aň-bilimi aňladyp gelipdir. Suwuň aýnasy ynsanyň öz-özüne seretmegi we öz ýagdaýyny dogry bahalandyrmagy üçin gollanylypdyr.Gadymy grek rowaýatyndaky Narsis ýaly, suw ýüzüne seretmek – daşky gözellige däl-de, eýsem, içki kalbyňa seretmek diýmekdir. Ýöne suwuň ýüzi hemişe biraz hereketde bolany üçin, ol hiç haçan dolulygyna durnukly we ýalan şekili görkezmeýär. Ol bize hakykatyň hemişe üýtgeýändigini we öz-özüňi bilmegiň yzygiderli dowam edýän prosesdigini öwredýär.

Suw ýüzüniň yzgalary, aýratynam impresionist suratkeşler üçin uly ylham çeşmesi bolupdyr.Olar suwuň ýüzündäki ýagtylygyň we reňkleriň her bir pursatda nähili üýtgeýändigini görkezipdirler. Bu, hakyky dünýäni däl-de, eýsem, duýgyly täsiri surata geçirmegiň nusgasydyr.

Kölleriň we derýalaryň ýüzünde ýüze çykýan özboluşly yzgalar we şöhleler – bu tebigatyň biziň üçin goýan vizual pelsepesidir. Olar bize ähli zatlaryň wagtlaýynlygyny, gözelligiň durnuksyzlygyny we iň esasy – ýaşaýyş bilen arzuwyň garyşýan ýerini görkezÿàr.

Ýusupowa  Gunça

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 118-nji toparynyň talyby