Sport meýdançasy diňe bir bäsleşigiň geçirilýän ýeri däl, eýsem, ynsanyň häsiýetini, erk-gaýratyny we durmuşa bolan garaýşyny taplaýan, iň täsirli durmuş mekdebidir. Bu mekdepde alnan sapaklar diplomlarda görkezilmeýär, ýöne olar adamyň durmuşynda üstünlik gazanmagy üçin iň gymmatly ýörelgeler bolup durýar.Sport, adamyň iň esasy häsiýeti bolan erkiňi we dözümliligiňi ösdürýär.Hiç bir çempion ýeňlişsiz ýeňiş gazanmaýar. Sport, ýeňlişiň tragediýa däl-de, ösüş üçin zerur şertdigini öwredýär. Yzyna gaýtmak, täzeden başlap, has gowy netije gazanmak ukyby — bu sportuň berýän iň esasy sapagydyr.Maşklaryň iň kyn pursatlarynda ‘bes etmäge’ döz gelmek, bedeniň çäklerini bilmek we olary aşmak sportuň berýän güýçli ruhy maşklarydyr. Bu endik durmuşdaky islendik kynçylygy ýeňip geçmek üçin esasy bolup hyzmat edýär.Ujypsyzja gowulaşmak üçin hem aýlap-aýlap ýadawsyz zähmet çekmek, aňyňy bir maksada jemlemek – bu, sportuň adama berýän strategik ukybydyr.
Sport, tertip-düzgüniň we jogapkärçiligiň nämedigini diňe bir sözde däl, eýsem, tejribede görkezýär.Türgenleşikler, okuwlar, dynç alyş we iýmitlenme — bularyň hemmesini deňagramly saklamak yzygiderli tertip-düzgüni talap edýär. Bu bolsa, geljekde işde ýa-da okuwda üstünlikli bolmagyň esasy şertidir.Sportçy öz bedeniniň maşgala däl-de, eýsem, özüne degişli esasy guraldygyna akyl ýetirýär. Şonuň üçin zyýanly endiklerden daşda durmak we dogry iýmitlenmek – bular sportuň ynsana öwredýän şahsy jogapkärçiligidir.Sport meýdançasynda we toparlaýyn oýunlarda ahlak ýörelgeleri we sosial endikler berk ornaşdyrylýar.”Sport diňe bir myşsalaryň güýjüni ösdürmeýär, ol ruhuň we häsiýetiň gurluşyny üpjün edýär.”
Sportuň ahyrynda, türgenler professional derejede bäsleşmekden el çekseler-de, olar sportuň beren häsiýetlerini we endiklerini ýanynda alyp galýarlar. Bu häsiýetler olara iş, maşgala we jemgyýetçilik durmuşynda üstünlikli, deňagramly we bagtyýar adamlar bolmaga kömek edýär.
Sport – bu ýönekeý bir fiziki maşklar topary däl. Ol ynsanyň ýetişmegi üçin zerur bolan ähli gymmatlyklary, şol sanda erki-gaýraty, düzgün-tertipi, hormaty we maksada okgunlylygy öwredýän milletiň şahsyýet mekdebidir. Bu sapaklar ýaşlarymyzyň geljekki durmuş ýollarynda çempion bolmagynyň esasy şertidir.
Hazretow Seýran
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












