Uçýan awtomobiller, ýagny ylymda eVTOL (elektrikli dikligine galýan we gonýan ulaglar) diýlip atlandyrylýan tehnologiýa, 2025-nji ýylda eýýäm fantastik filmlerden çykyp, real durmuşymyza ornaşyp başlady. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän EXPO 2025 sergisi bolsa bu ulaglaryň dünýä tanyşdyrylýan esasy meýdançasyna öwrüldi.
eVTOL (electric Vertical Take-off and Landing) — bu elektrik energiýasy bilen işleýän, dikligine ýokary galmaga we dikligine aşak gonmaga ukyply uçuş apparatydyr.Gurluşy boýunça dikeldirijä (tikulýota) meňzese-de, ol has dymşyk, ekologiýa taýdan arassa we howpsuzdyr. Adatça litiý-ion batareýalary bilen işleýär, bu bolsa şäher içinde zyýanly gazlaryň bölünip çykmasyny nol derejesine düşürýär.
Ýaponiýanyň SkyDrive kompaniýasy bu ugurda dünýäniň iň öňdebaryjylarynyň biridir. Olaryň EXPO 2025 üçin taýýarlan SD-05 modeli uly gyzyklanma döretdi: 12 sany motor we propeller bilen enjamlaşdyrylan, bu bolsa ulagyň bir motory hatardan çykan ýagdaýynda hem howpsuz uçmagyny üpjün edýär. Osaka aýlagynyň üstünden myhmanlary gatnatmak we gysga aralyklara taksi hyzmatyny ýerine ýetirmek. Sagatda 100 km töweregi tizlik bilen uçup bilýär.
Amerikan kompaniýasy Lift Aircraft bolsa “uçmagy hemmeler üçin elýeterli etmek” şygary astynda işleýär. Olaryň HEXA atly ulagy täsin aýratynlyklara eýedir:
Pilot şahadatnamasy gerek däl HEXA örän ýönekeý dolandyryş ulgamyna eýe bolup, oňa “ýeňil sport uçary” hökmünde baha berilýär. Adam ony gysga wagtlyk tälimden soň dolandyryp bilýär. Ulagyň aşagyndaky ýörite gurluşlar oňa diňe bir gury ýere däl, eýsem suwuň ýüzüne hem rahat gonmaga mümkinçilik berýär.Uçýan taksileriň geljekde şäher durmuşyny nähili üýtgetjekdigini şu aşakdaky ugurlarda görmek bolar.
Dykynyşyklary azaltmak: Ýerdäki ulag akymynyň bir böleginiň asmana göçürilmegi ýollaryň ýüküni ýeňilleşdirer.
Tizlik we wagt tygşytlylygy: Adatça maşyn bilen 1 sagat dowam edýän ýoly eVTOL arkaly 10-15 minutda söküp bolar.
Gyssagly kömek: Lukmançylyk we halas ediş gulluklary üçin bu ulaglar tapylgysyz guraldyr, sebäbi olar islendik darajyk ýere hem gonup bilýärler.
Tehnologiýa taýýar bolsa-da, heniz çözülmeli meseleler bar olar,
Howa dolandyryşy: Müňlerçe uçýan ulagyň asmandaky hereketini sazlamak üçin täze sanly ulgamlar gerek.
Batareýa kuwwaty: Häzirki wagtda bu ulaglar ortaça 20-40 minut uçup bilýärler. Alymlar bu wagty uzaltmagyň üstünde işleýärler.
2025-nji ýyl uçýan awtomobiller üçin “başlangyç nokady” boldy. Ýaponiýanyň EXPO sergisinde görkezenleri bize ýakyn 10 ýylyň içinde asmanymyzyň täzeçe görünjekdigini subut edýär.
Agaýew Arslan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby

RU












