​Gyş! Bu at dilimize gelende, köplenç ak gary, buzly howany we agaçlaryň ýalňyz şahalaryny göz öňümize getirýäris. Ilkibaşda sowuk peýzažlar reňkler babatda garyp ýaly görünýär. Emma gowy synlanyňyzda, gyşyň hakykatdanam özboluşly, sessiz we täsin reňk oýnuna eýedigini görersiňiz.Gyşyň esasy reňki, elbetde, akdyr. Ýöne bu diňe bir ak däl. Gar diňe bir bembeyaz däl. Onuň içinde hakyky reňk oýny gizlenýär. Aýazly we Güneşli günde gar, mawy asmanyň yşygy sebäpli ýeňilçe mawy (açyk gök) ýa-da säher gülgüni öwüşgin berip biler.Günüň dogmagy ýa-da ýaşmagy bilen gar, gyzyl, narynç ýa-da ýumşak gülgüni (roza) reňkleri özüne siňdirip, peýzaža ýylylyk berýär.Gyş kölegeleri asmandan gelýän yşygyň tersine, has intensiwe mawy ýa-da gyzyl-gök bolup, ak meýdanyň üstünde çuň we kontrastly surat döredýär.

​Ak peýzažyň iň güýçli reňk kontrastlary esasan üç reňk bilen döredilýär:

​Mawy we Gök: Asmanyň reňki köplenç aýazly howada aýratyn dury, çuň we intensiw mawy bolýar. Bu mawy reňk ak gar bilen ajaýyp kontrast döredýär.

​Goňur we Ak: Gyşyň beýleki bir möhüm elementi, şahalary ýalaňaç galan agaçlaryň çal-goňur ýa-da gara-goňur reňkleridir. Bu dik we berk elementler, asman-gar arasynda ýerleşip, peýzaža ritm we çuňluk berýär.

​Ýaşyl (Öçügsi): Hemişelik ýaşyl agaçlar (arçalar, sosnalar) peýzaža mynasyp bir ýylylyk berýär. Olaryň garaňky ýaşyl reňki ak meýdanyň ortasynda güýçli bir ýaşaýyş nokady bolup görünýär.

Gyş reňk oýnynyň iň täsin tarapy, onuň yşygyň üýtgemegi bilen çalt üýtgemegidir. Günüň şöhleleri buz kristollarynyň üstünden geçende, müňlerçe ýalpyldawuk nokat peýda bolýar, bu bolsa ähli peýzažy almaz ýaly şöhlelendirýär.Peýzažyň reňkleri has sessiz, ýumşak we mistik bolýar. Reňkler bir-birine ýakynlaşýar, kölegeler ýitýär we ähli zat çal-ak bir örtük bilen örtülýär. Gyş peýzažy diňe ak we gara däl. Ol mäwiler, gülgüniler, çal-goňurlar we öçügsi ýaşyllar ýaly çylşyrymly reňkleri öz içine alýar. Dogry görmegi öwrenseňiz, gyşyň sessizliginiň içinde nä derejede köp reňk oýnynyň bardygyna haýran galarsyňyz.

​Sowuk peýzažyň reňk oýny hakykatdanam tebigatyň iň inçe we çylşyrymly sungat eserlerinden biridir. Ol bize sadalygyň we minimalizmiň içinde uly gözelligiň bardygyny ýatladýar.

Gylyçlyýewa Aýbölek

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby