Çaga at dakmak — bu diňe bir maşgala dabarasy däl, eýsem her bir halkyň taryhyny, yrym-ynanjyny we geljege bolan arzuwlaryny özünde jemleýän uly bir medeniyetdir. At — adamyň tutuş ömrüniň dowamynda göterjek iň gymmatly “ýüküdir”.
Türkmenlerde at dakmak däbi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Täze doglan çaga babasynyň ýa-da mamasynyň adyny dakmak, nesil dowamatynyň we hormatyň nyşanydyr.
Çaga doglan wagtyna görä at dakmak giňden ýaýrandur. Mysal üçin: Gurbanmyrat (Gurban aýynda doglan), Aýlar (Aýly gijede doglan), Bahar (Bahar paslynda doglan).Çaganyň durmuşynyň bolçulykda geçmegini arzuw edip Döwlet, Begenç, Myrat ýaly atlar dakylýar.
At dakmak medeniýeti dünýäniň dürli künjeklerinde biri-birine meňzemeýän gyzykly ýollary geçýär:
Hytaý: Hytaýda çaga doglanda oňa “süýt ady” (kiçijik at) dakylýar. Bu at çaga ulalýança we mekdebe gidýänçä ulanylýar. Şeýle-de, käbir maşgalalar “erbet ruhlary” aldap, çagany goramak üçin oňa bilgeşleýin “betgelşik” ýa-da “ýönekeý” at dakýarlar.
Islandiýa: Bu ýerde familiýa ulgamy ýok diýen ýalydyr. Çaganyň familiýasy hökmünde kakasynyň adyna “-son” (oguly) ýa-da “-dóttir” (gyzy) goşulýar. Mysal üçin, Erikson (Erigiň ogly).
Günbatar Afrika (Gana): Bu ýerde çaga doglan hepde gününe görä at dakylýar. Mysal üçin, şenbe güni doglan oglanlara “Kwaku”, gyzlara bolsa “Ama” diýlip at dakylýar.
Köp medeniýetlerde adyň adamyň häsiýetine we ykbalyna täsir edýändigine ynanylýar:
Gadymy skandinawlarda we türki halklarda çaga mert we batyr bolsun diýip, ýarag ýa-da güýç aňladýan atlar (Polat, Arslan, Demir) dakylypdyr.Çaga ady göni doglan pursatyndaky tebigy hadysa görä berlipdir: “Oturan Öküz”, “Gök Asman” ýa-da “Ýügrük Suw”.
Şu günki günde “Kreatiw atlar” dakmak modasy ýüze çykdy. Käbir ene-atalar çagalaryna meşhur brendleriň, şäherleriň ýa-da tehnologiýa dünýäsiniň atlaryny dakýarlar (mysal üçin, Tesla, Eýfel, Ria). Emma köp ýurtlarda (mysal üçin, Fransiýada ýa-da Germaniýada) döwlet tarapyndan çaganyň geljekde kemsidilmezligi üçin “gelşiksiz” atlary dakmaga gadaganyk goýulýar.
Adyň manysy çaganyň geljekki özüne bolan ynamyna täsir edip biler.Häzirki globallaşýan dünýäde adyň beýleki dillerde hem aňsat aýdylmagy amatlydyr.”At — adamyň ömürlik hemrasydyr. Ony saýlamak, çaga berlen ilkinji we iň uly sowgatdyr.”
Durdyýewa Gülzada
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby

RU












