Izmir şäheriniň günbatarynda, Çeşme ýarym adasynyň girişinde ýerleşýän Urla, soňky ýyllarda diňe bir taryhy bilen däl, eýsem gastronomiýasy, zeýtun baglary we asuda durmuşy bilen Türkiýäniň iň meşhur nokatlarynyň birine öwrüldi. Alaçatynyň joşgunyndan tapawutlylykda, Urla has asylly, tebigat bilen içe-giçe we medeni mirasa baý bir şäherçedir.Urlanyň taryhy müňlerçe ýyl ozala gidip ýetýär. Gadymy döwürde bu ýer Klazomenai diýlip atlandyrylypdyr.

​Dünýäniň ilkinji zeýtun ýagy kärhanasy-  Klazomenai şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde, biziň eýýamymyzdan ozalky VI asyra degişli bolan dünýädäki iň gadymy zeýtun ýagy öndürilýän desgasy tapyldy. Bu bolsa Urlanyň eýýäm şol döwürlerde oba hojalygynda we söwdada nähili öňdedigini görkezýär.Urla, soňky döwürlerde “Türkiýäniň Toskanasy” diýlip atlandyrylýar. Munuň esasy sebäbi şäheriň töweregini gurşap alan giň üzümçilik meýdanlary we zeýtunlyklardyr.

“Urla Bag ýoly” taslamasy arkaly bu ýerde ýöriteleşen baglar döredildi. Myhmanlar bu meýdançalarda gezelenç edip, ýerli önümleriň taýýarlanyşyny synlap bilýärler.Urla özüniň “Ekerançylykdan saçaga” (Farm-to-table) ýörelgesi bilen meşhurdyr. Şäherde birnäçe restoran dünýä belli Michelin ýyldyzyna we “Ýaşyl ýyldyza” (ekologik taýdan arassa önümler üçin) mynasyp görüldi.Urlanyň merkezinde ýerleşýän “Sanat Sokağı” (Sungat köçesi), şäheriň ruhy merkezidir. Bu köçede ýerleşýän taryhy daş jaýlar häzirki wagtda antikwar dükanlary, keramika ussahanalary we täsin kafeler hökmünde hyzmat edýär.Türk edebiýatynyň meşhur ýazyjysy Nejaty Jumalynyň öý-muzeýi hem şu ýerde ýerleşýär we edebiýat söýüjiler üçin iň esasy duralgalaryň biridir.

​Urlanyň kenarýaka bölümi bolan İskele, deňiz önümlerini we asuda gijeleri söýýänler üçin tapylgysyzdyr.Kenar boýundaky balykçy restoranlarynda Egeý deňziniň iň ter önümlerini datmak bolýar.Iskeleden seredeniňde görünýän kiçijik adalar we deňziň durnylygy adama aýratyn rahatlyk berýär.

Urla bilen gury ýer arkaly birleşýän Karantina adasy, Osmanly döwründe gämiler bilen gelýän ýolagçylaryň saglyk barlagyndan geçýän ýeri bolupdyr. Şu günki günde bolsa ol taryhy binalary we arassa deňzi bilen syýahatçylaryň iň köp barýan nokatlarynyň biridir.

Obanyň ter süýt-gaýmagy we zeýtunlary bilen bezelen saçakda ertirlik edinýàrler. Köstem Zeýtun ýagy muzeýi (dünýädäki iň uly muzeýleriň biri) Urlanyň taryhyna çuňňur aralaşmaga kömek eder.Üzümçilik meýdanlarynyň üstünden günüň ýaşyşy Urlada iň owadan manzaralaryň biridir.

​Urla — bu taryhyň, tagamyň we tebigatyň iň asylly şekilde duşuşýan ýeridir. Eger siz köpçülikden uzakda, ýöne medeniýete baý bir dynç alyş gözleýän bolsaňyz, Urla siziň üçin iň dogry saýlawdyr.

Amanklyçew Abat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby