Dünýäniň gözelligi enäniň mährinden başlanýar diýen jümle diňe bir edebi däl, eýsem ynsan durmuşynyň iň uly pelsepesidir. Gözellik diýenimizde biz köplenç tebigatyň görküni, sungat eserlerini ýa-da reňkleri göz öňüne getirýäris. Emma ynsan kalby üçin hakyky gözellik — bu dünýäni söýgi bilen görmegi öwreden enäniň mähridir.
Dünýäni nähili görýändigimiz köplenç biziň içki dünýämize baglydyr. Şol içki dünýäniň iň ilkinji we iň berk binýadyny bolsa enelerimiz tutýar. Ene mähri — bu dünýäniň ähli reňklerini has ýagty, ähli seslerini has mähirli edip görkezýän täsin bir gözlükdir.
Bäbek dünýä inende, entek dünýäniň beýleki gözelliklerinden habarsyzdyr. Onuň üçin dünýäniň ilkinji gözelligi — enesiniň nury saçyp duran ýüzüdir we mähirli ýylgyryşydyr. Şol pursatdan başlap, çaganyň aňynda “gözellik” diýen düşünje mähir bilen gatyşykly kemala gelýär. Eger ene çagasyna dünýäni söýgi bilen tanyşdyrsa, şol çaga ulalanda gülüň açylyşynda, guşuň saýrayşynda we hatda ýagyşyň ýagşynda-da bir gözellik tapmagy başarýar.
Sungat eserleri adamlary haýrana goýýar, emme ene mähriniň döredýän gözelligi diri sungatdyr. Ene öz mähri arkaly:
Gahar-gazaby dyndyryp, parahatçylyk döredýär;
Gussaly göwünleri şatlandyryp, ýylgyryş peşgeş berýär;
Ýadaw kalplara täze bir güýç we hyjuw bagyşlaýar.
Dünýäniň haýsy künjegine gitsek-de, iň uly gözellikleri görsek-de, hemişe enäniň mähirli ojagynyň gözelligini küýseýändigimiziň sebäbi hem şundadyr. Dünýäniň hakyky gözelligi diňe bir binalarda ýa-da tebigatda däl, eýsem adamlaryň bir-birine bolan mährindedir. Enesiniň mährinden ganan ynsan dünýäni gözelleşdirmäge meýilli bolýar. Ol beýleki ynsana mähir berýär, tebigaty goraýar, ýagşylyk edýär. Diýmek, dünýäni has oňat we has gözäl ýere öwürýän güýç — aslynda şol eneleriň perzentleriniň kalbyna eken mähir däneleridir.Ene mähri bolmadyk ýerinde dünýäniň iň kaşaň ýerleri-de sowuk we reňksiz görünip biler. Sebäbi mähir bolmadyk ýerde ruhy ýylylyk bolmaz. Şonuň üçin hem, dünýäniň iň uly gözelligi — enelerimiziň saglygy, olaryň mähirli sözleri we biziň üçin edýän ak dogalarydyr.
”Dünýäniň gözelligi enäniň mährinden başlanýar” diýmek, dünýäniň süňňünde söýgi we mähir bar diýmekdir. Enelerimiziň mähri — biziň ýaşaýyş şuglamyz, ruhy medeniýetimiz we baky bagtymyzdyr. Dünýäniň gözelligini görmek üçin ilki bilen enelerimiziň mährine we gadrine ýetmegi başarmalydyrys
Sadykow Sarsmazbek
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby

RU












