Fotosuratçylyk — bu diňe bir düwmä basmak däl-de, eýsem wagty saklamak, duýgulary ebedileşdirmek we dünýäni başga bir burçdan görkezmek sungatydyr. Bir fotosuratçynyň obýektiwinden seredeniňde, adaty zatlar hem täsin many alyp bilýär.

​Fotosuratçylyk sungatynda iň möhüm zat tehnika däl-de, eýsem “gözlegdir”. Professional fotosuratçy köpçüligiň üns bermeýän ownuk detalynda — ýapragyň üstündäki çyg dänjesinde, garry adamyň ýüzündäki gyýçyklarda ýa-da şäheriň gijeki kölegelerinde uly bir hekaýany görüp bilýär.Suratyň iň uly güýji onuň gaýtalanmazlygyndadyr. Geçip barýan pursat, bir pursatlyk ýylgyryş ýa-da asmandaky buludyň şol wagtky görnişi hiç wagt ikinji gezek edil şol durşuna gaýtalanmaýar. Fotosuratçy şol “altyn pursady” tutup, ony taryha öwürýär.

Biz taýyn we owadan suraty görýäris, ýöne onuň arkasynda nähili zähmetiň ýatanyny elmydama bilmeýäris.Ýabany haýwanyň ýekeje kadryny düşürmek üçin günläp, hatda hepdeläp garaşmaly bolýarlar.

​Harby fotoreportýorlar – Iň howply nokatlarda bolup, hakykaty dünýä ýetirmek üçin janyny gurban edýärler.

​Makro-fotosuratçylar-Göz bilen görüp bolmaýan mör-möjekleriň dünýäsini açmak üçin millimetrlik takyklyk bilen işleýärler.

Fotosuratçylar surata düşürenlerinde belli bir düzgünlere eýerýärler. Meselem, “Üçden bir düzgüni” (Rule of Thirds) arkaly gözüň iň çalt üns berýän nokatlaryny ulanýarlar. Reňkleriň utgaşmasy bolsa tomaşaçyda dürli duýgulary oýarýar: maýyl reňkler rahatlyk, sowuk reňkler bolsa syrlylyk berýär.

Dünýäde ilkinji fotosurat 1826-njy ýylda Žozef Nieps tarapyndan düşürilipdir we ony almak üçin kamera 8 sagatlap garaşmaly bolupdyr.

​Iň gymmat surat Andreas Gurskiniň “Rhein II” atly suraty 4,3 million dollara satyldy.

​Sanly innowasiýa Häzirki wagtda dünýäde her iki minutda düşürilýän suratlaryň sany, 1800-nji ýyllarda bütin adamzat tarapyndan düşürilen suratlardan has köpdür.

Fotosurat — bu dilsiz hekaýadyr. Fotosuratçynyň düşüren her bir suraty bize dünýäniň nähili owadandygyny, nähili çylşyrymlydygyny we her bir pursadyň gadyryny bilmelidigini ýatladýar.

Rejepow Mekan

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby