Täze ýyl golaýlaşdygyça, dünýä bütinleý başga bir lybasa bürünýär. Bu pasyl diňe bir sowuk howanyň däl, eýsem, iň gyzykarly hekaýalaryň, iň süýji ýatlamalaryň we iň owadan reňkleriň paslydyr. Şol reňkleriň içinde bolsa gyzyl bilen ýaşylyň, gyraw bilen nuruň döredýän harmonyýasy aýratyn bir jadyly dünýäni emele getirýär.
Täze ýylyň simwoliki reňkleri bolan gyzyl we ýaşyl çyralar her bir ädimde bize baýramyň ruhuny duýdurýar.Bezelen arçalaryň ýaşyl şahalary we şol şahalarda lowurdaýan ýaşyl çyralar, gyşyň ortasynda tebigatyň diriligini, umydyň sönmeýändigini görkezýär.
Binalaryň öňündäki gyzyl bezegler, Aýaz Babanyň dony we al-gyrmyzy yşyklar bolsa maşgala ojagynyň mährini, baýramçylyk şatlygyny we ynsan kalbyndaky joşguny aňladýar. Bu iki reňk birleşende, sowuk gyş gijeleri hem mähirli we ýyly görünýär.Gijelerine howa sowaşyp, ýollaryň ýüzüne gyraw düşende, dünýä kümüş bilen örtülen ýaly bolýar. Gyrawly ýollar — bu tebigatyň öz elinden çykan iň näzik sungatydyr. Ir bilen ýa-da gijelerine gyrawly ýoldan ýöränňizde, aýagyňyz astyndan çykýan “gyrt-gyrt” edýän sesler gyşyň özboluşly sazy ýalydyr.Çyralaryň nury şol gyrawly kristallara düşende, her bir dänejik bir kiçijik briliant ýaly ýalpyldaýar. Bu pursatda ýollar diňe bir gatnaw ýoly däl, eýsem, ertekiler dünýäsine eltýän jadyly geçelge ýaly bolup görünýär.
Jadyly sowuk gyraw bilen gyzgyn yşyklaryň utgaşmasy. Aýna goýlan gyzyl-ýaşyl çyralaryň şöhlesi gyrawly aýnadan geçip, öýüň içindäki ýylylyk bilen daşardaky gyşyň arasynda bir köpri gurýar. Şol wagt adamyň kalbynda geň bir rahatlyk döreýär. Biz sowugyň içinde reňkleri, ümsümligiň içinde bolsa täze ýylyň şatlykly owazyny tapýarys.
Bu gyrawly ýollar bizi diňe bir öýümize däl, eýsem, täze maksatlara hem eltýär. Türkmenistanyň ak mermerli şäherlerinde gyzyl-ýaşyl çyralaryň astynda, gyrawly şaýollar bilen ýöräp barýan bagtyýar adamlar geljege uly ynam bilen garaýarlar. Her bir gadam täze bir üstünligiň, täze bir şatlygyň buşlukçysyna öwrülýär.
”Gyzyl-ýaşyl çyralaryň şöhlesi we gyrawly ýollaryň jadysy” — bu biziň gyşymyzyň iň owadan keşbidir. Bu keşpde biz durmuşyň gözelligini, arassalygy we agzybirligi görýäris. Goý, siziň barýan ýollaryňyz her gije gyrawly bolup ýalpyldasyn, ýüregiňiz bolsa baýramçylyk çyralary ýaly hemişe ýagty we şadyýan bolsun!
Gyraw düşen ýollar — kümüşden bir ýol,
Gyzyl-ýaşyl yşyklar — bagtdan bir gol.
Täze ýyl gelýär, ak arzuwlar bile,
Her gadamda şatlyk, her ädimde gül.
Batyrow Kerem
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby

RU












