​Pomidoryň iň uly artykmaçlygy onuň düzümindäki likopin maddasydyr. Likopin pomidora gyzyl reňk berýän güýçli antioksidantdyr. Barlaglar likopiniň öýjükleriň zeperlenmeginiň öňüni alyp, aýratyn-da prostat, öýken we aşkazan ragynyň töwekgelçiligini azaldyp biljekdigini görkezýär.Geň galdyryjy tarapy, pomidor bişirilende (meselem, tamat ýa-da sous edilen wagty) likopin bedene has aňsat siňýär.Pomidorda bar bolan iýmit maddalary ýürek-damar ulgamyny goramakda möhüm orun tutýar. Pomidor “erbet” holesteriniň (LDL) derejesini peseltmäge we damarlarda ýag toplanmagynyň öňüni almaga kömek edýär. Kaliý damarlaryň diwarlaryny rahatlandyryp, gan basyşyny peseldýär we ýürek urgularyny kadalaşdyrýar. Pomidor tohumlarynyň töweregindäki sarymtyl suwuklykda “P3″ diýlip atlandyrylýan madda bar bolup, ol ganyň lagtalanmagynyň (tromb emele gelmeginiň) öňüni alýar.

Pomidor gözleriňiz üçin hakyky ” iýmitdir”. Onuň düzüminde:

​Lutein we Zeaksantin: Bu maddalar gözleri elektron enjamlaryň (telefon, kompyuter) gök şöhlelerinden goraýar.

​A witamini: Görünişiň ýitiligini saklaýar we gijeki körlükden goraýar.

Eger deriniňiziň ýaş we ter görünmegini isleseňiz, pomidor iň gowy kömekçidir.Likopin deriniň ultrameňewşe şöhlelerine garşy durnuklylygyny artdyrýar (emma bu günüň aşagynda krem ulanmazlygy aňlatmaýar).C witaminine baý bolany üçin, deriniň çeýeligini saklaýan kollageniň önümçiligini goldaýar.Pomidor süýüme baý bolany üçin içgatlamanyň öňüni alýar we içegeleriň işlemegini ýeňilleşdirýär.Onuň düzüminiň takmynan 95%-i suwdur, bu bolsa bedeniň gidratasiýasyny (suwlylygyny) saklaýar we toksinleri bedenden çykarmaga kömek edýär.Likopin ýagda ereýän madda bolany üçin, pomidory zeýtun ýagy bilen iýmek onuň peýdasyny birnäçe esse artdyrýar.Likopiniň mukdaryny artdyrmak üçin pomidory az-kem buglap ýa-da bişirip iýmek maslahat berilýär. C witaminini saklap galmak üçin bolsa çuglygyna salatlarda ulanmak Aşgazanynda ýara (ýazwa) ýa-da güýçli gastriti bar bolan adamlar pomidory çäkli mukdarda ulanmalydyr, çünki ol aşkazan kislotasyny artdyryp biler.

Pomidoryň düzümindäki oksalatlar böwrekde daşy bolan käbir adamlar üçin zyýanly bolup biler (lukman bilen maslahatlaşmaly).

Baýramow Hanmuhammet

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby