Sarymsak-Düzümindäki allisun maddasy arkaly infeksiýalara we wiruslara garşy göreşýär. Gan basyşyny peseltmäge kömek edýärSarymsak — bu tebigatyň bize peşgeş beren iň güýçli dermanhanasydyr. Müňlerçe ýyl bäri diňe iýmit däl, eýsem “tebigy antibiotik” hökmünde ulanylyp gelýän bu önüm, häzirki zaman lukmançylygy tarapyndan hem ýokary bahalandyrylýar.
Onuň dermanlyk häsiýetiniň esasyny düzümindäki allisin (allicin) maddasydyr.Sarymsak kesilende ýa-da owradylanda, onuň düzümindäki maddalar birleşip allisin emele getirýär. Bu madda sarymsagyň özboluşly ysyny berýän we iň esasy bejerijilik häsiýetini saklaýan birleşmedir. Allisin wiruslaryň, bakteriýalaryň we hatda kömelekleriň öýjük diwarlaryna aralaşyp, olaryň köpelmegini bes edýär. Ol dümew (gripp) we beýleki respirator wiruslara garşy bedeniň durnuklylygyny artdyryp, keseliň dowamlylygyny gysgaldýar. Sarymsak bedendäki ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) sanyny we işjeňligini artdyrýar. Bu bolsa bedeniň kesellere garşy jogap bermek ukybyny güýçlendirýär.
Ýürek-damar keselleri dünýäde iň köp duş gelýän saglyk meseleleriniň biridir. Sarymsak gan basyşyny (gipertoniýany) kadalaşdyrmakda dermanlar ýaly täsir edip bilýän seýrek iýmitleriň biridir.Sarymsak bedende azot oksidiniň emele gelmegine ýardam edýär. Bu madda gan damarlarynyň diwarlarynyň gowşamagyna we giňelmegine kömek edýär, netijede gan has rahat aýlanýar we basyş peselýär.Sarymsakda bar bolan kükürt birleşmeleri gyzyl gan öýjükleri (eritrositler) bilen reaksiýa girip, gan damarlaryny rahatlandyrýan wodorod sulfid gazyny bölüp çykarýar. Gan basyşy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan “erbet” holesteriniň derejesini 10-15% töweregi peseltmäge kömek edýàr.
Sarymsakdan dogry peýdalanmagyň birnäçe möhüm syry bar:
Diliň we Garaýşyň-Sarymsagy dogranyňyzdan ýa-da owradanyňyzdan soň, ony 10 minut töweregi garaşdyryň. Bu wagt içinde fermentiw reaksiýalar netijesinde allisin maddasy iň ýokary derejesine ýetýär.
Çig Ulanyň- Allisin gyzgynlyga durnuksyzdyr. Nahara goşanyňyzda, ony iň soňunda ýa-da mümkin bolsa çigligine (salatlara we sosa goşup) iýmek maslahat berilýär.
Mukdar-Sagdyn adam üçin günde 1-2 diş sarymsak iýmek ýeterlikdir.
Kimlere Seresap Bolmak Gerek?
Gany Suwuklandyryjy Derman Ulanýanlar: Sarymsagyň özi hem gany suwuklandyrýandygy sebäpli, derman bilen goşulyşanda ganyň aşa suwuklanmagyna sebäp bolup biler.
Aşgazan Ýarasy Bar Bolanlar: Sarymsak aşkazanyň nemli gatlagyny gyjyndyryp biler, şonuň üçin aşa köp ulanmakdan gaça durmaly.
Sarymsakly Resept (Dümewden we Gan Basyşyndan Goranmak Üçin)
1 diş sarymsagy owradyñ we 10 minut garaşdyryň.
Ony bir çaý çemçesi bal bilen garyň.
Bu garyndyny her gün irden kabul etmek immuniteti polat ýaly berkider.
Kulyýewa Annagül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby

RU












